Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçisi Tokio marafonyna gatnaşdy

  • 04.03.2025 10:20
  • 8.5k+

2-nji martda Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçisi Atadurdy Baýramow Ýaponiýanyň paýtagtynda geçirilen “Tokio marafony - 2025” çäresine gatnaşdy. Bu gezek dünýäniň dürli künjeklerinden jemi 38 müňden gowrak gatnaşyjylary jemlän bu çäre dünýäde iň ähmiýetli hasaplanýan alty marafonyň biridir (World Marathon Majors) diýip, Günüň dogýan ýurdundaky türkmen ilçihanasynda habar berdiler.

Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine beren interwýusynda ilçi A.Baýramow türkmen jemgyýetinde sagdyn durmuş ýörelgelerini berkitmäge, hususan-da ýaşlary bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga gyzyklanma döretmek ugrunda alnyp barylýan işlere uly ähmiýet berýändiklerini nygtady. Türkmenistanyň döwlet ýolbaşçylarynyň başlangyçlarynyň netijesinde Aşgabatda bu maksatlar üçin ähli şertler döredildi.
Şeýle hem ilçi “Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary” atly kararnamanyň, 3-nji iýuny “Bütindünýä welosiped güni” diýip yglan etmek hakynda kararnamanyň we "Durnukly ösüşi gazanmak üçin köpçülikleýin welosiped sürmegi jemgyýetçilik ulag ulgamlaryna girizmek” atly kararnamanyň kabul edilmegini dünýä jemgyýetçiliginiň Türkmenistanyň öňe sürýän syýasatyna ýokary baha berýändiginiň aýdyň subutnamasy hökmünde mysal getirdi.
Her ýyl geçirilýän Tokio marafony “World Athletics” guramasy tarapyndan berlen platina derejesine eýedir.
 Marafonyň uzynlygy 42 km 195 metre barabardyr. Çäräniň hemaýatkäri Tokio şäher häkimligi bolup durýar.


27.06.2026 19:38
5.2k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

27.06.2026 19:26
1.9k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3.1k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.4k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......