Ylgawyň syrlary: Hünärmenler näme üçin käbir adamlaryň beýlekilerden has çalt ylgaýandyklaryny düşündirdiler

  • 21.05.2024 13:00
  • 12k+

Ýamaýkaly sprinter – gysga aralyga ylgaýan ylgawçy, sekiz gezek Olimpiýa çempiony we 11 gezek dünýä çempiony Useýn Bolt 2009-njy ýylda Berlinde geçirilen dünýä çempionatynda sagatda 37,578 km tizlik bilen 100 metr aralygy 9,58 sekuntda ylgap geçdi. Çempionatdaky ýeňşinden soň, alymlar Boltuň ädimleriniň uzynlygyny ölçediler we haýran galdylar. Eger ortaça ylgawçynyň ädimi, takmynan, 1,6–1,8 m bolýan bolsa, Useýniňki ortaça 2,45–2,47 m bolup çykdy. Ýeňil atletikaçy 100 metr aralygy ylgap geçmek üçin ortaça 40–42 ädim sarp edýär, şol bir wagtda onuň esasy bäsdeşleri iki ädim artyk ätmeli bolýardy.

Şeýle-de bolsa, hünärmenleri onuň ägirt uly ädimi däl-de - boýy 195 sm bolanda bu bolup biläýjek zat - Boltuň hereketleriniň täsin çalasynlygy geň galdyrdy: sekuntda bäş ädim diýen ýaly.
Gysga aralyga ylgawyň tutuş taryhynda ýyndamlykda rekord goýýanlar kän bolmandy - uzyn boýly seýrek ýyndamlar Karl Lýuis we Asafa Pouell (ikisi hem 188 sm) bolupdy. Köp hünärmenler aňk-taňk bolýardylar: Bolt şeýle gujurly, syryk ýaly boýy bilen nädip tizligini artdyrmagy başarýarka, sebäbi uzyn boý bilen diňe tizligiňi artdyrmak däl, eýsem, ýokary tizligi saklamak hem kyn ahyry.
Alymlar bu soragyň birgiden faktor: genetika, myşsa aýratynlyklary, türgenleşikler we hatda psihologiýa bilen baglydygyny anykladylar.

Genetika:
Ene-atalardan çagalara miras geçýän aýratynlyklar fiziki mümkinçiliklere we tizlige ep-esli derejede täsir edip biler. Mysal üçin, aýagyň uzynlygy, bedeniň gatnaşygy, hatda myşsa süýüminiň görnüşleri genler bilen kesgitlenip bilner.
Genetika çalt we haýal myşsa süýümleriniň gatnaşygyny kesgitleýär. Çalasyn süýümler ýyndamlyga jogap berýär, ýöne olar çalt ýadaýar. Haýal süýümler çydamlylygy üpjün edýär.

Türgenleşik:
Dogry türgenleşik - tizligi ýokarlandyrmagyň açary. Ol güýç berýän maşklaryny, oýunlary we ylgawyň tehnikasyny öz içine almalydyr. Hünärmenler türgenleşik programmalary arkaly synag geçirmekden gorkmazlygy maslahat berýärler. Ylgawy gyzykly etmegiň usulyny tapmaly. Mundan başga-da, hünärmenler bedeniňizi diňlemegi we bedene aşa agram salmazlygy maslahat berýärler.

Psihologiýa:
Ylgawyň tizligi diňe bir fiziki maglumatlara däl, eýsem, beýniniň işleýşine hem baglydyr. Beýni ylgaw bilen birlikde bedeniň hereketlerine hem gözegçilik edýär. Myşsalaryň işini utgaşdyrýar, tizligi we depgini sazlaýar, hatda ylgawçynyň ýaryş wagtynda höwesli bolmagyna kömek edýär. Beýniniň beden bilen nähili aragatnaşyk saklaýandygyna düşünmeklik türgenleşik proseslerini işjeňleşdirmäge we netijäni ýokarlandyrmaga kömek edip biler.


15.04.2026 16:27
6.4k+

18 ýaşynda Useýn Boltdan hem çakgan: awstraliýaly ylgawçy ýamaýkaly türgeniň ýetginjekleriň arasyndaky rekordyny täzeledi

Sidneýde geçirilen ýaryşlarda 18 ýaşly awstraliýaly sprinter (ylgawçy) Gout Gout 200 metr aralygy 19,67 sekuntda geçip, 20 ýaşa çenli türgenleriň arasynda täze resmi dünýä rekordyny goýdy. Ýaş türgen diňe bir......

09.04.2026 11:36
1.1k+

World Athletics marafon boýunça aýratyn dünýä çempionatyny döreder

Halkara ýeňil atletika federasiýalarynyň assosiasiýasy (World Athletics) özüniň resmi saýtynda 2030-njy ýyldan başlap, marafon ylgawy boýunça aýratyn dünýä çempionatynyň dörediljekdigini yglan etdi....

03.04.2026 23:31
2.2k+

Gazagystan ilkinji gezek ýeňil atletika boýunça dünýä çempionatyny kabul eder

2030-njy ýylda Astana şäherinde Ýeňil atletika boýunça ýapyk binalardaky dünýä çempionaty geçiriler. Bu barada Gazagystanyň Ýeňil atletika federasiýasy habar berdi....

05.03.2026 21:17
3.2k+

Sobolenka, Dýuplantis we Alkaras sport dünýäsiniň «Oskar» baýragyna dalaş edýärler

Sport dünýäsiniň «Oskary» diýlip atlandyrylýan her ýylky «Laureus» baýragyna dalaş edýänleriň atlary belli boldy. Baýragyň guramaçylyk komiteti sekiz ugur boýunça dalaşgärleriň sanawyny resmi taýdan neşir etdi...