Sidni Maklaflin-Lewron rekord bilen 400 m ylgawda DÇ-2025-iň altyn medalyny gazandy

  • 19.09.2025 18:03
  • 4k+

ABŞ-dan dört gezek Olimpiýa çempiony Sidni Maklaflin-Lewron Tokioda geçirilýän ýeňil atletika boýunça dünýä çempionatynda 400 metr aralyga ylgamakda altyn medal gazandy. Onuň netijesi 47,78 sekunt bolup, bu dünýä çempionatynyň rekordy we taryhda ikinji görkezijidir.

Amerikaly ylgawça 40 ýyl ozal germaniýaly Marita Koh tarapyndan goýlan öňki rekorda ýetmek üçin bary-ýogy 0,18 sekunt ýetmedi. Ýöne Kohyň biografiýasynda doping ulanmakda ençeme gezek aýyplamalar bar.
Finalda kümüş medaly 47,98 sekunt netije bilen Dominikan Respublikasyndan häzirki Olimpiýa çempiony Marileýdi Paulino gazandy. Bu görkeziji taryhda üçünji boldy. Bürünç baýragy 48,19 sekunt wagty görkezen Bahreýnden Salwa Eýd Naser aldy. Ylgaw ýagyşly howada geçirildi.
26 ýaşly Maklaflin-Lewron üçin esasy dissiplina päsgelçilikli 400 metre ylgawdyr. Hut bu ýerde oňa dünýä rekordy degişli. Bu aralykda türgen Olimpiýa oýunlarynyň iki altyn medalyny (Tokio-2020 we Pariž-2024), şeýle-de dünýä çempionatynyň altyn we kümüş medallaryny gazandy. Mundan başga-da, ol 4×400 metr estafeta ýaryşynda dört gezek ýeňiji boldy – iki gezek Olimpiadada we iki gezek dünýä çempionatynda. Tekiz 400 metre ylgaw ýaryşynda Maklaflin-Lewron ABŞ-nyň iki gezek çempiony boldy.


26.06.2026 23:43
8.2k+

SmackDown-yň ýyldyzy Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Aktýor we restler Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň «ikona» statusyna mynasyp boldy. Onuň ady şu ýylyň sentýabr aýynda çykjak 2027-nji ýylyň neşirine giriziler....

22.06.2026 14:40
4.6k+

UFC amerikan harby gullukçylary üçin ýaryş geçirmegi meýilleşdirýär

UFC-niň prezidenti Dana Waýt ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp bilen bilelikde harby gullukçylar üçin ýaryş geçirmek meýilleri barada mälim etdi....

21.06.2026 21:03
2.2k+

Amerikaly Duglass 50 m aralyga erkin usulda ýüzmekde dünýä rekordyny täzeledi

Amerikaly suwda ýüzüji Keýt Duglass 50 metr aralyga erkin usulda ýüzmekde täze dünýä rekordyny goýdy....

15.06.2026 15:55
10k+

Ak tamyň çäginde geçen UFC Freedom 250-niň netijeleri we pul baýraklary belli boldy

Waşingtonda, Ak tamyň çäginde geçirilen UFC Freedom 250 ýaryşy ýeňil agramda çempionyň üýtgemegi we agyr agram derejesinde wagtlaýyn titulyň eýesiniň kesgitlenmegi bilen tamamlandy. Ýaryşlar tamamlanandan soň,......