Noa Laýls 4-nji gezek DÇ-de 200 m ylgawda ýeňiji bolup, Useýn Bolduň üstünligini gaýtalady

  • 22.09.2025 10:45
  • 3.9k+

Amerikaly sprinter Noa Laýls Tokiodaky dünýä çempionatynda 200 m aralyga ylgamakda altyn medal gazandy. Ol finalda 19,52 sekunt netijäni görkezdi.

Ikinji orny onuň watandaşy Kenni Bednarek eýeledi (19,58), üçünji orna ýamaýkaly Braýan Lewell mynasyp boldy (19,64).
Ýeňiş Laýlsa dünýä çempionatlarynda 200 m ylgawda yzygider dördünji gezek ýeňiji bolup (2019, 2022, 2023 we 2025), meşhur ýamaýkaly türgen Useýn Bolduň üstünligini gaýtalamaga mümkinçilik berdi. Bolt 2009, 2011, 2013 we 2015-nji ýyllardaky dünýä çempionatlarynda bu aralykda ýeňiji bolupdy.
Mundan öň Tokioda Laýls 100 m aralyga ylgamakda bürünç medal aldy. Ol şol aralykda Pariždäki Olimpiadanyň hem çempionydyr. Mundan başga-da, onuň hasabynda 200 m aralyga ylgawda Olimpiýa oýunlarynyň iki bürünç medaly bar. 


21.05.2026 23:19
8.5k+

FIFA Eýranyň 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatyna gatnaşmagy üçin kepillik berdi

Eýranyň Daşary işler ministrligi ýurduň milli ýygyndysynyň ABŞ-nda, Kanadada we Meksikada geçiriljek 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatyna gatnaşmak üçin Halkara futbol federasiýasyndan (FIFA) kepillik alandygyny......

15.05.2026 18:58
10k+

Klimatologlar dünýä çempionatynda aşa howply yssynyň boljakdygyny duýdurýarlar

Klimatologlar 2026-njy ýylda ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçiriljek futbol boýunça dünýä çempionatynyň käbir oýunlarynyň futbolçylaryň we janköýerleriň saglygyna zeper ýetirip biljek aşa yssy şertlerde......

10.05.2026 12:29
4.4k+

FIFA futbol ýelmentgilerini çykarmak boýunça Panini bilen köpýyllyk hyzmatdaşlygyny bes edýär

FIFA-nyň prezidenti Janni Infantino 2030-njy ýylyň dünýä çempionatyndan soň Italiýanyň Panini kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygyň bes ediljekdigini yglan etdi. 2031-nji ýyldan başlap, FIFA-nyň howandarlygyndaky......

09.05.2026 06:34
4.4k+

FIFA dünýä çempionaty wagtynda ABŞ-ndaky stadionlaryň atlaryny üýtgeder

ABŞ-da futbol boýunça dünýä çempionatynyň oýunlaryny kabul etjek Milli futbol ligasynyň (NFL) stadionlarynyň atlary wagtlaýynça üýtgediler....