Keniýaly Kelwin Kiptum marafonda dünýä rekordyny täzeledi

  • 09.10.2023 21:18
  • 7.4k+

Efiopiýaly Kelwin Kiptum Çikago marafonynda ýeňiji bolup, täze dünýä rekordyny goýdy.

23 ýaşly türgeniň görkezen netijesi 2 sagat 35 sekunt boldy. Ol 2022-nji ýylda Berlin marafonynda watandaşy Eliud Kipçogeniň goýan rekordyndan (2:01,09) hem gowy netije gazandy.
Kiptum şu ýylyň başynda London marafonynda hem 2:01,25 wagt bilen (taryhdaky iň gowy üçünji wagt) ýeňiji bolupdy we geçen ýyl Walensiýada (2:01.53, taryhyň iň çalt altynjy netije) ýeňiş gazanypdy. Galyberse-de, Walensiýadaky ýaryş onuň karýerasyndaky ilkinji marafon bolupdy.
Kiptumyň dünýä rekordy Halkara ýeňil atletika federasiýalarynyň assosiasiýasy (WorldAthletics) tarapyndan indi tassyklanmaly.


düýn 23:43
4.7k+

SmackDown-yň ýyldyzy Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Aktýor we restler Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň «ikona» statusyna mynasyp boldy. Onuň ady şu ýylyň sentýabr aýynda çykjak 2027-nji ýylyň neşirine giriziler....

21.06.2026 21:03
2.2k+

Amerikaly Duglass 50 m aralyga erkin usulda ýüzmekde dünýä rekordyny täzeledi

Amerikaly suwda ýüzüji Keýt Duglass 50 metr aralyga erkin usulda ýüzmekde täze dünýä rekordyny goýdy....

15.06.2026 14:15
8k+

DÇ-2026-nyň 4-nji güni: Kýurasaonyň debýuty gorkuly düýşe meňzedi, ýewropalylar bolsa aziýalylardan yza galýarlar

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň dördünji oýun güni birbada iki sany iri hasaply ýeňlişi, soňky minutlarda dartgynly tomaşa öwrülen oýunlary we taryhy rekordlary getirdi....

13.06.2026 12:21
2.9k+

Amerikan talyby päsgelçilikli 110 m aralyga ylgamakda dünýä rekordyny goýdy

Amerikaly ýeňil atletikaçy Ja'Kobe Tarp ABŞ-nyň Milli talyp sport assosiasiýasynyň (NCAA) ýaryşynda päsgelçilikli 110 metr aralyga ylgamak boýunça dünýä rekordyny goýdy....