World Athletics Pariždäki Oýunlaryň ýeňijilerine pul baýragyny berjek ilkinji halkara gurama boldy

  • 12.04.2024 12:26
  • 4.8k+

Bütindünýä ýeňil atletika assosiasiýasy (World Athletics) Parižde geçiriljek Olimpiýa oýunlarynda gazanylan ýeňiş üçin pul baýragyny girizdi. Bu barada guramanyň saýtyna salgylanyp, Ria Nowosti habar berýär.

World Athletics öz sport görnüşinde Olimpiada üçin pul baýragyny girizen ilkinji halkara federasiýa boldy. Töleg 50 müň dollar bolar. Estafetada ýeňiş gazanylan ýagdaýynda mukdar tutuş toparyň arasynda paýlanar. 2,4 mln dollar möçberindäki umumy baýrak gaznasy Halkara Olimpiýa Komitetiniň (HOK) guramanyň her dört ýyldan alýan girdeji paýyndan bölündi.
World Athletics 2028-nji ýylyň Los-Anjelesde geçiriljek Oýunlarynda goşmaça pul baýraklarynyň ýaryşda kümüş we bürünç medal gazanan türgenlere hem tölenjekdigini belleýär.
Pariždäki Olimpiýa oýunlary 26-njy iýuldan 11-nji awgust aralygynda geçiriler.


düýn 14:40
3.6k+

Los-Anjeles — 2028-e tarap ýoluň başlangyjy: 16 türkmen dzýudoçysy Ulan-Batora ugrady

19—21-nji iýun aralygynda Ulan-Bator (Mongoliýa) şäherinde dzýudo boýunça abraýly «Uly tuwulga» ýaryşy geçiriler. Halkara dzýudo federasiýasynyň (IJF) resmi saýtynda habar berlişi ýaly, ýaryşlara dünýäniň 58......

13.06.2026 12:21
2.8k+

Amerikan talyby päsgelçilikli 110 m aralyga ylgamakda dünýä rekordyny goýdy

Amerikaly ýeňil atletikaçy Ja'Kobe Tarp ABŞ-nyň Milli talyp sport assosiasiýasynyň (NCAA) ýaryşynda päsgelçilikli 110 metr aralyga ylgamak boýunça dünýä rekordyny goýdy....

06.05.2026 23:46
1.9k+

Täjigistanyň paýtagty World Judo Masters-2026 ýaryşyny kabul eder

Halkara dzýudo federasiýasy (IJF) dünýäniň iň abraýly ýaryşlarynyň biri bolan World Judo Masters ýaryşynyň 2026-njy ýylyň 18-20-nji dekabry aralygynda Duşenbe şäherinde geçiriljekdigini resmi taýdan yglan etdi....

06.05.2026 22:54
1.8k+

KHBS: HOK kibersport boýunça ýöriteleşdirilen komitetiň işini togtatdy

Halkara olimpiýa komiteti (HOK) kibersport boýunça ýöriteleşdirilen komitetiň işini togtatdy. Bu barada Ýaponiýanyň «Livedoor» neşiri habar berýär....