Kirsti Kowentri resmi taýdan Halkara Olimpiýa Komitetiniň prezidenti boldy

  • 24.06.2025 00:07
  • 2.9k+

Kirsti Kowentri resmi taýdan Halkara Olimpiýa Komitetiniň (HOK) prezidenti wezipesine girişdi. Dabara duşenbe güni Şweýsariýanyň Lozanna şäherinde geçirildi.

2013-nji ýyldan bäri gurama ýolbaşçylyk eden HOK-yň öňki prezidenti Tomas Bah öz ygtyýarlyklaryny oňa geçirdi. Ol täze möhlete gaýtadan saýlanmak islemedi.
Kowentri bu wezipä 20-nji martda eýýäm birinji tapgyrda sesleriň aglaba köplügini alyp saýlandy. Ol Sebastýan Kou we Huan Antonio Samaranç-kiçi ýaly dalaşgärlerden öňe geçdi.
Zimbabweniň wekili HOK-yň onunjy Prezidenti we guramanyň taryhynda bu wezipede ilkinji zenan boldy.
Kirsti Kowentri Zimbabweniň iň köp titully türgenleriniň biri. Ol suwda ýüzmek boýunça iki gezek Olimpiýa çempiony, ençeme gezek dünýä çempiony we öňki dünýä rekordynyň eýesidir. 


06.05.2026 23:46
1.8k+

Täjigistanyň paýtagty World Judo Masters-2026 ýaryşyny kabul eder

Halkara dzýudo federasiýasy (IJF) dünýäniň iň abraýly ýaryşlarynyň biri bolan World Judo Masters ýaryşynyň 2026-njy ýylyň 18-20-nji dekabry aralygynda Duşenbe şäherinde geçiriljekdigini resmi taýdan yglan etdi....

06.05.2026 22:54
1.7k+

KHBS: HOK kibersport boýunça ýöriteleşdirilen komitetiň işini togtatdy

Halkara olimpiýa komiteti (HOK) kibersport boýunça ýöriteleşdirilen komitetiň işini togtatdy. Bu barada Ýaponiýanyň «Livedoor» neşiri habar berýär....

03.03.2026 11:20
3.3k+

Ilkinji tomusky Olimpiýa oýunlarynyň kümüş medaly auksionda tas dört esse gymmat satyldy

Ilkinji häzirkizaman Olimpiýa oýunlarynda gowşurylan medal auksionda 181,3 müň dollara satyldy. Onuň ahyrky bahasy çaklanylan bahadan tas dört esse ýokary boldy diýip, Reuters habar berýär. 1896-njy ýylda Afinada geçirilen ilkinji tomusky Olimpiýa oýunlarynyň kümüş medaly «Bruun Rasmussen Arts Auctioneers» onlaýn auksionynda satyldy...

23.02.2026 10:07
1.8k+

Werona kolizeýinde 2026-njy ýylyň Olimpiýa oýunlarynyň ýapylyş dabarasy geçirildi

Italiýada geçirilen 2026-njy ýylyň gyşky Olimpiýa oýunlary resmi taýdan tamamlandy. Ýapylyş dabarasy 22-nji fewralda Werona şäherindäki gadymy rim stadionynda (Arena di Werona biziň eramyzyň 30-njy ýyly töweregi gurlupdyr we hatda Rim kolizeýinden hem gadymydyr) geçirildi...