Gresiýada gumanoidleriň ilkinji Olimpiadasy geçiriler

  • 01.06.2025 13:51
  • 3k+

29-njy awgustdan 2-nji sentýabr aralygynda Gresiýanyň Olimpiýa şäherinde gumanoidleriň ilkinji Halkara olimpiadasy geçiriler. Adam şekilli robotlar sport ýaryşlaryna gatnaşyp, çeýeligi, tizligi we emeli aňyň mümkinçiliklerini görkezer. Bu barada Interesting Engineering neşiri ýazýar.

Guramaçylar ylgamak, bökmek we naýza zyňmak boýunça gyzykly ýaryşlary wada berýär. Sport programmasyndan başga-da, robototehnika we EA boýunça leksiýalar, şeýle-de ussatlyk sapaklary meýilleşdirildi. Olarda gatnaşyjylar robotlar bilen aragatnaşyk gurup, öz robotyny ýygnamaga synanyşyp biler. 
Guramaçylaryň aýtmagyna görä, olimpiada gadymy däp-dessurlar bilen geljekki tehnologiýalaryň arasyndaky dialog bolar.
Çäre robotlaşdyrylan aň ugrunda işleýän Acumino kompaniýasy we innowasion başlangyçlary goldaýan Endeavor Greece guramasy tarapyndan geçiriler. Onuň maksady tehnologiýanyň adamyň mümkinçiliklerini näderejede güýçlendirip biljekdigini görkezmekden ybarat.
Aýratyn üns amaly seminarlara gönükdiriler. Olara ähli isleg bildirýänler, aýratynam, çagalar we okuwçylar çagyrylýar. Gatnaşyjylar hünärmenleriň ýolbaşçylygynda ýönekeý robotlary döredip biler. Deslapky taýýarlyk talap edilmeýär, şol sebäpli oňa gatnaşmak giň köpçülik üçin elýeterlidir.
Guramaçylar olimpiadanyň alymlaryň, inženerleriň we tehnologiýa bilen gyzyklanýanlaryň duşuşjak ýerine öwrüljekdigini belleýär. Bu ýerde dünýäniň ähli ýerinden ösen gumanoidleri görmek we adam durmuşynda maşynyň ähmiýetini ara alyp maslahatlaşmak bolar.

“Biz tehnologiýanyň adamlara hyzmat etmegini isleýäris, tersine däl. Olimpiada maşynlar bilen aňly aragatnaşyga tarap ädimdir” – diýip, guramaçylar belledi.


şu gün 10:20
799

2030-njy ýylyň Olimpiýa we Paralimpiýa oýunlarynyň nyşanlary hödürlendi

2030-njy ýylyň Oýunlarynyň guramaçylyk komiteti Fransiýanyň Alp daglarynda geçiriljek Olimpiýa we Paralimpiýa oýunlarynyň logotiplerini hödürledi....

18.06.2026 14:40
4.4k+

Los-Anjeles — 2028-e tarap ýoluň başlangyjy: 16 türkmen dzýudoçysy Ulan-Batora ugrady

19—21-nji iýun aralygynda Ulan-Bator (Mongoliýa) şäherinde dzýudo boýunça abraýly «Uly tuwulga» ýaryşy geçiriler. Halkara dzýudo federasiýasynyň (IJF) resmi saýtynda habar berlişi ýaly, ýaryşlara dünýäniň 58......

06.05.2026 23:46
1.9k+

Täjigistanyň paýtagty World Judo Masters-2026 ýaryşyny kabul eder

Halkara dzýudo federasiýasy (IJF) dünýäniň iň abraýly ýaryşlarynyň biri bolan World Judo Masters ýaryşynyň 2026-njy ýylyň 18-20-nji dekabry aralygynda Duşenbe şäherinde geçiriljekdigini resmi taýdan yglan etdi....

06.05.2026 22:54
1.8k+

KHBS: HOK kibersport boýunça ýöriteleşdirilen komitetiň işini togtatdy

Halkara olimpiýa komiteti (HOK) kibersport boýunça ýöriteleşdirilen komitetiň işini togtatdy. Bu barada Ýaponiýanyň «Livedoor» neşiri habar berýär....