Dýuplantis karýerasynda 13-nji we tomusda 2-nji gezek rekordy täzeledi

  • 15.08.2025 18:52
  • 3.9k+

Şwesiýaly şestli böküji Arman Dýuplantis Budapeştdäki Memorial Iştwan Dýulaýda täze dünýä rekordyny goýdy. Ol 6,29 metr beýiklikden geçdi. Bu onuň tomusda ikinji we karýerasynda 13-nji rekordy boldy.

Iýul aýynda 25 ýaşly türgen Stokgolmdaky “Brilliant ligasy” tapgyrynda birinji synanyşykda 6,28 metr netijäni görkezdi. Ol özüniň ilkinji dünýä rekordyny 2020-nji ýylda goýdy. Şol wagt Polşanyň Torun şäherinde ýapyk binada geçirilen ýaryşda 6,17 metr beýikligi alyp, Reno Lawilleniniň (6,16 m) rekordyny täzeledi. Bir hepdeden bolsa Dýuplantis öz netijesini gowulaşdyrdy.
Ol 2020-nji ýylyň sentýabrynda açyk howada 1994-nji ýyldan bäri saklanýan Sergeý Bubkanyň rekordyny (6,14 m) täzeledi. Şol wagt Dýuplantis 6,15 m beýiklige bökdi (belläp geçsek, 2000-nji ýyldan bäri halkara federasiýa ýapyk binada we açyk howada şestli bökmekde rekordlary aýratynlandyrmaýar).
Arman Dýuplantis – iki gezek Olimpiýa çempiony, iki gezek dünýä çempiony, üç gezek Ýewropa çempionatynyň ýeňijisi we dört gezek “Brilliant ligasynyň” ýeňijisi.


26.06.2026 23:43
8.2k+

SmackDown-yň ýyldyzy Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Aktýor we restler Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň «ikona» statusyna mynasyp boldy. Onuň ady şu ýylyň sentýabr aýynda çykjak 2027-nji ýylyň neşirine giriziler....

21.06.2026 21:03
2.2k+

Amerikaly Duglass 50 m aralyga erkin usulda ýüzmekde dünýä rekordyny täzeledi

Amerikaly suwda ýüzüji Keýt Duglass 50 metr aralyga erkin usulda ýüzmekde täze dünýä rekordyny goýdy....

15.06.2026 14:15
8k+

DÇ-2026-nyň 4-nji güni: Kýurasaonyň debýuty gorkuly düýşe meňzedi, ýewropalylar bolsa aziýalylardan yza galýarlar

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň dördünji oýun güni birbada iki sany iri hasaply ýeňlişi, soňky minutlarda dartgynly tomaşa öwrülen oýunlary we taryhy rekordlary getirdi....

13.06.2026 12:21
2.9k+

Amerikan talyby päsgelçilikli 110 m aralyga ylgamakda dünýä rekordyny goýdy

Amerikaly ýeňil atletikaçy Ja'Kobe Tarp ABŞ-nyň Milli talyp sport assosiasiýasynyň (NCAA) ýaryşynda päsgelçilikli 110 metr aralyga ylgamak boýunça dünýä rekordyny goýdy....