Ugandaly ylgawçy Kiplimo ýarym marafonda dünýä rekordyny goýdy

  • 17.02.2025 07:41
  • 2.7k+

Ugandanyň wekili Jeýkob Kiplimo ýarym marafon aralygyna ylgamakda dünýä rekordyny goýdy.

Ol Barselonada geçirilen ylgaw ýaryşynda 21,1 km aralygy 56 minut 42 sekuntda geçdi. Bu aralykda öňki dünýä rekordy 2024-nji ýylyň oktýabr aýynda goýlupdy. Şol wagt efiopiýaly Ýomif Kejelça Ispaniýanyň Walensiýa şäherindäki ylgaw ýaryşynda 57 minut 30 sekunt netije bilen ýeňiji boldy.
Kiplimo 24 ýaşynda. Ol 10 000 metr aralyga ylgamakda Tokioda geçirilen Olimpiýa oýunlarynyň bürünç baýragynyň eýesidir. Şeýle-de, türgen 2022-nji ýyldaky dünýä çempionatynda bu aralykda bürünç medal gazandy.


26.06.2026 23:43
8k+

SmackDown-yň ýyldyzy Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Aktýor we restler Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň «ikona» statusyna mynasyp boldy. Onuň ady şu ýylyň sentýabr aýynda çykjak 2027-nji ýylyň neşirine giriziler....

21.06.2026 21:03
2.2k+

Amerikaly Duglass 50 m aralyga erkin usulda ýüzmekde dünýä rekordyny täzeledi

Amerikaly suwda ýüzüji Keýt Duglass 50 metr aralyga erkin usulda ýüzmekde täze dünýä rekordyny goýdy....

15.06.2026 14:15
8k+

DÇ-2026-nyň 4-nji güni: Kýurasaonyň debýuty gorkuly düýşe meňzedi, ýewropalylar bolsa aziýalylardan yza galýarlar

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň dördünji oýun güni birbada iki sany iri hasaply ýeňlişi, soňky minutlarda dartgynly tomaşa öwrülen oýunlary we taryhy rekordlary getirdi....

13.06.2026 12:21
2.9k+

Amerikan talyby päsgelçilikli 110 m aralyga ylgamakda dünýä rekordyny goýdy

Amerikaly ýeňil atletikaçy Ja'Kobe Tarp ABŞ-nyň Milli talyp sport assosiasiýasynyň (NCAA) ýaryşynda päsgelçilikli 110 metr aralyga ylgamak boýunça dünýä rekordyny goýdy....