Amerikaly Fişer bir hepdede ikinji dünýä rekordyny goýdy

  • 15.02.2025 18:36
  • 4.5k+

Amerikaly ýeňil atletikaçy Grant Fişer ABŞ-da geçirilen ýaryşda ýapyk binada 5000 metr aralyga ylgamakda dünýä rekordyny goýdy. Bu onuň bir hepdede eýýäm ikinji dünýä rekordydyr diýip, TASS habar berýär.

Fişer bu aralygy 12 minut 44,09 sekuntda geçdi. Öňki dünýä rekordy 20 ýyldan gowrak wagt saklandy. 2004-nji ýylyň fewral aýynda Efiopiýadan Kenenisa Bekele 5000 metr aralygy 12 minut 49,60 sekuntda geçipdi.
Fişer 27 ýaşynda bolup, 5000 we 10 000 metr aralyga ylgamakda Parižde geçirilen Olimpiadanyň bürünç baýragynyň eýesidir.
Ýatlap geçsek, Fişer 9-njy fewralda ýapyk binada 3000 metr aralyga ylgamakda dünýä rekordyny goýdy.


21.06.2026 21:03
2k+

Amerikaly Duglass 50 m aralyga erkin usulda ýüzmekde dünýä rekordyny täzeledi

Amerikaly suwda ýüzüji Keýt Duglass 50 metr aralyga erkin usulda ýüzmekde täze dünýä rekordyny goýdy....

15.06.2026 14:15
7.9k+

DÇ-2026-nyň 4-nji güni: Kýurasaonyň debýuty gorkuly düýşe meňzedi, ýewropalylar bolsa aziýalylardan yza galýarlar

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň dördünji oýun güni birbada iki sany iri hasaply ýeňlişi, soňky minutlarda dartgynly tomaşa öwrülen oýunlary we taryhy rekordlary getirdi....

13.06.2026 12:21
2.9k+

Amerikan talyby päsgelçilikli 110 m aralyga ylgamakda dünýä rekordyny goýdy

Amerikaly ýeňil atletikaçy Ja'Kobe Tarp ABŞ-nyň Milli talyp sport assosiasiýasynyň (NCAA) ýaryşynda päsgelçilikli 110 metr aralyga ylgamak boýunça dünýä rekordyny goýdy....

02.06.2026 17:37
5.2k+

Forbes: «Real» sport taryhyndaky iň köp girdeji gazanan klub boldy

Madridiň «Real» topary 2024/25-nji ýyl möwsüminiň jemleri boýunça 1,265 milliard dollar möçberinde girdeji gazanyp, sportuň ähli görnüşleriniň klublarynyň arasynda täze rekord goýdy....