Keniýaly ylgawçy Beatris Çebet 10 000 m aralyga ylgamakda dünýä rekordyny täzeledi

  • 27.05.2024 10:25
  • 7.3k+

Keniýaly zenan ylgawçy Beatris Çebet Ýujinde (ABŞ) geçirilen "Brilliant ligasynyň" tapgyrynda 10 000 metr aralyga ylgamakda täze dünýä rekordyny goýdy diýip, RBK ýazýar.

24 ýaşly türgen 28 minut 54,14 sekunt netije görkezip, 2021-nji ýylyň iýun aýynda efiopiýaly Letesenbet Gideý tarapyndan goýlan öňki rekordy (29.01,03) täzeledi.
Ikinji orny efiopiýaly Gudaf Segaý (29.05,92), üçünji orny keniýaly Lilian Kasaýt Rengeruk (29.26,89) eýeledi.
Çebet 5000 m aralyga ylgamakda dünýä çempionatlarynyň kümüş (2022) we bürünç (2023) medallarynyň eýesidir.


06.06.2026 11:31
3.5k+

Serena Wilýams professional tennise dolanýar

Serena Wilýams tas dört ýyllyk arakesmeden soň professional tennise dolanyp gelýär. Amerikan türgeni Londonda geçiriljek WTA 500 ýaryşynyň jübütleýin görnüşine gatnaşmak üçin ýörite çakylyk aldy....

02.06.2026 17:37
5.1k+

Forbes: «Real» sport taryhyndaky iň köp girdeji gazanan klub boldy

Madridiň «Real» topary 2024/25-nji ýyl möwsüminiň jemleri boýunça 1,265 milliard dollar möçberinde girdeji gazanyp, sportuň ähli görnüşleriniň klublarynyň arasynda täze rekord goýdy....

01.06.2026 17:02
6.7k+

DÇ-2026-nyň stili: geljekki çempionatyň iň gelşikli we gelşiksiz futbol lybaslary kesgitlendi

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň başlanmagyna sanlyja günler galdy. Şonuň üçin şu günler esasan futbol, şeýle-de biletleriň gymmatlygy, FIFA-nyň töweregindäki düşnüksiz jedeller we dürli guramalaryň......

21.05.2026 23:19
8.6k+

FIFA Eýranyň 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatyna gatnaşmagy üçin kepillik berdi

Eýranyň Daşary işler ministrligi ýurduň milli ýygyndysynyň ABŞ-nda, Kanadada we Meksikada geçiriljek 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatyna gatnaşmak üçin Halkara futbol federasiýasyndan (FIFA) kepillik alandygyny......