Rigada geçirilen ylgaw boýunça dünýä çempionatynda bir mile ylgamakda dünýä rekordlary goýuldy

  • 02.10.2023 17:57
  • 12k+

Ylgaw boýunça Rigada geçirilen dünýä çempionatynda bir mil aralyga (1,6 km) ylgamakda dünýä rekordlary goýuldy. Erkekleriň arasynda amerikaly Hobbs Kessler bu aralygy 3 minut 56,13 sekuntda geçdi. Zenanlaryň arasynda rekord eýesi efiopiýaly Diribe Welteji boldy – ol 4 minut 20,98 sekunt netijäni görkezdi.

4 minut 1,21 sekunt bolan öňki dünýä rekordy 25-nji aprelde Demoýn amerikan şäherinde amerikaly ylgawçy Semýuel Preýkel tarapyndan goýlupdy.
Kessler ýeňijiden 0,28 sekunt haýal bolan britaniýaly ylgawçy Kelam Elsondan we öňki dünýä rekordynyň eýesi Preýkelden (3:56.43) öňe geçip, altyn medal gazandy.
Welteji 25-nji aprelde Demoýn amerikan şäherinde amerikaly Niki Hils tarapyndan goýlan rekorddan 6,99 sekunt öňe geçdi. Ikinji orny onuň watandaşy Freweýni Haýlu eýeledi, ol ýeňijiden 3,08 sekunt yza galdy. Üçünji orna 4 minut 24,13 sekunt netije bilen keniýaly Feýt Kipýegon mynasyp boldy.
5 km aralyga ylgamakda keniýaly Beatris Çebeta (14 minut 35 sekunt) we efiopiýaly Hagos Gebrhiwet (12 minut 59 sekunt) dünýä çempionlary boldular.


21.06.2026 21:03
2k+

Amerikaly Duglass 50 m aralyga erkin usulda ýüzmekde dünýä rekordyny täzeledi

Amerikaly suwda ýüzüji Keýt Duglass 50 metr aralyga erkin usulda ýüzmekde täze dünýä rekordyny goýdy....

15.06.2026 14:15
7.9k+

DÇ-2026-nyň 4-nji güni: Kýurasaonyň debýuty gorkuly düýşe meňzedi, ýewropalylar bolsa aziýalylardan yza galýarlar

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň dördünji oýun güni birbada iki sany iri hasaply ýeňlişi, soňky minutlarda dartgynly tomaşa öwrülen oýunlary we taryhy rekordlary getirdi....

13.06.2026 12:21
2.9k+

Amerikan talyby päsgelçilikli 110 m aralyga ylgamakda dünýä rekordyny goýdy

Amerikaly ýeňil atletikaçy Ja'Kobe Tarp ABŞ-nyň Milli talyp sport assosiasiýasynyň (NCAA) ýaryşynda päsgelçilikli 110 metr aralyga ylgamak boýunça dünýä rekordyny goýdy....

02.06.2026 17:37
5.2k+

Forbes: «Real» sport taryhyndaky iň köp girdeji gazanan klub boldy

Madridiň «Real» topary 2024/25-nji ýyl möwsüminiň jemleri boýunça 1,265 milliard dollar möçberinde girdeji gazanyp, sportuň ähli görnüşleriniň klublarynyň arasynda täze rekord goýdy....