Amerikaly suwda ýüzüji Wolş 9 gün öň goýlan dünýä rekordyny täzeledi

  • düýn 21:49
  • 1.6k+

Amerikaly suwda ýüzüji Gretçen Wolş Rimde geçirilen ýaryşlarda 50 metr aralyga erkin usulda ýüzmekde täze dünýä rekordyny goýdy.

Ol bu aralygy 23,55 sekuntda geçip, öz watandaşy hem-de türgenleşik boýunça ýoldaşy Keýt Duglassyň netijesinden öňe geçmegi başardy. Duglass 19-njy iýunda bellenilen aralygy 23,59 sekuntda geçip, rekord goýupdy.

Mundan öň bu ugurdaky dünýä rekordy (23,61) şwesiýaly Sara Şýostrýoma degişlidi we ol, takmynan, üç ýyl diýen ýaly saklanypdy.

Wols garyşyk estafetalarda Parižde geçirilen Olimpiadanyň iki gezek çempiony hem-de dört gezek dünýä çempionydyr. Şeýle hem oňa batterflýaý usulynda 100 metr aralyga ýüzmekde dünýä rekordy (54,33) degişli.


28.06.2026 23:41
6.2k+

Infantino 16 günde 27 gezek uçuş edip, dünýä çempionatynyň 24 oýnuna gatnaşdy

FIFA-nyň prezidenti Janni Infantino dünýä çempionatynyň 16 gününiň dowamynda 27 sapar uçuş etdi we 24 oýna gatnaşdy. «BBC Sport-yň» hasaplamalaryna görä, şol döwürde ol howada 66 sagatdan gowrak wagt geçirdi,......

26.06.2026 23:43
9.6k+

SmackDown-yň ýyldyzy Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Aktýor we restler Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň «ikona» statusyna mynasyp boldy. Onuň ady şu ýylyň sentýabr aýynda çykjak 2027-nji ýylyň neşirine giriziler....

22.06.2026 14:40
4.6k+

UFC amerikan harby gullukçylary üçin ýaryş geçirmegi meýilleşdirýär

UFC-niň prezidenti Dana Waýt ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp bilen bilelikde harby gullukçylar üçin ýaryş geçirmek meýilleri barada mälim etdi....

21.06.2026 21:03
2.2k+

Amerikaly Duglass 50 m aralyga erkin usulda ýüzmekde dünýä rekordyny täzeledi

Amerikaly suwda ýüzüji Keýt Duglass 50 metr aralyga erkin usulda ýüzmekde täze dünýä rekordyny goýdy....