Amerikanyň neşirleri türkmen türgeniniň Pariž Olimpiadasyndaky ynsanperwer hereketi barada bellediler

  • 10.08.2024 14:32
  • 19k+

Sports Illustrated we PIX11 ýaly amerikan neşirleri türkmen ýeňil atletikaçysy Walentina Meredowanyň Parižde Olimpiýa oýunlaryna eden hereketine üns berdiler. 2-nji awgustda, 100 metr aralyga ylgamakda aýallaryň arasyndaky ýaryşyň birinji tapgyrynda, 29 ýaşly türkmen türgeni ylgawyny tamamlap, Günorta Sudandan bäsdeşi Lýusiýa Morise kömek etmek üçin dessine yzyna dolandy. Sudanly türgen 70-nji metrde ýere ýykyldy.

Şol ýaryşda dördünji orny eýelän W.Meredowa we altynjy orny eýelän Laosly türgen Pha Aphaý lukmanlar gelýänçä şikes alan Morise bilelikde ýardam etdiler. Az wagtdan lukmanlar 23 ýaşly türgeni alyp gitdiler.
Belläp geçsek, W.Meredowa birnäçe milli rekordlaryň eýesi. Pariž Olimpiadasy onuň üçin eýýäm ikinji Olimpiýa oýunlarydyr. Ondan öň ol 2008-nji ýyldaky ýaryşlara gatnaşypdy. Parižde ol ýaryşyň ýarym finalyna çykyp bilmedi. Oňa derek ol möwsümde öz iň gowy netijesini görkezdi — 11,95 sekunt.


şu gün 08:03
1.3k+

Türkmen karateçileri Manilada geçirilen ýaryşda altyn we bürünç medallary gazandy

Filippinleriň paýtagty Manila şäherinde geçirilen «Karate-1 Ýaşlar ligasy» (Karate 1-Youth League) dünýä tapgyrynyň ýaryşynda türkmen türgenleri üstünlikli çykyş edip, altyn we bürünç medallary gazandy....

03.06.2026 17:49
4.3k+

8 ýaşly türkmen tennisçisi Gazagystandaky ýaryşda iki altyn medal gazandy

Türkmenistandan sekiz ýaşly tennisçi Alyhan Nurýagdyýew 25-nji we 30-njy maý aralygynda Gazagystanyň Aktobe şäherinde geçirilen «Aktobe Masters 10&Under GA Road to TOP 8» halkara ýaryşynda iki sany altyn......

30.05.2026 08:45
8.3k+

Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempion boldy

Türkmen boksçysy Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempionlyk guşagyny gazandy. Tutluşyk Daşkentdäki «Humo Arena» sport toplumynda, WBC Ýewraziýa Boxing Night halkara boks agşamynyň çäklerinde......

27.05.2026 18:22
9.4k+

Alp Arslan Begenjow Wýetnamdaky U23 Aziýa çempionatynda altyn medal gazandy

Wýetnamyň Danang şäherinde geçirilen U23 & U17 Asian Championships 2026 yklym birinjiliginde Türkmenistandan erkin göreşiji Alp Arslan Begenjow 23 ýaşa çenli türgenleriň arasynda Aziýanyň çempiony boldy....