21 ýaşly litwaly türgen disk zyňmak boýunça 1986-njy ýylyň dünýä rekordyny täzeledi

  • 16.04.2024 13:58
  • 9.6k+

Litwaly Mikolas Alekna Ramonada (Oklahoma ştaty) geçirilen ýaryşlarda disk zyňmak boýunça dünýä rekordyny täzeledi. Bu barada X sosial ulgamynda Bütindünýä ýeňil atletika assosiasiýasy habar berdi diýip, RBK ýazýar.

“Mikolas Alekna 74,35 m aralyga disk zyňmak bilen erkekleriň arasynda dünýä rekordyny täzeledi” – diýlip, habarda aýdylýar.

Ol 1986-njy ýylda germaniýaly ýeňil atletikaçy Ýurgent Şult tarapyndan goýlan rekordy (74,08 m) täzeledi.
Mikolas Alekna 21 ýaşynda. Ol 19 ýaşynda 2022-nji ýylyň dünýä çempionatynda kümüş medal gazanyp, taryhda dünýä çempionatynyň disk zyňmak boýunça iň ýaş medalçysy boldy. Şol ýyl ol Ýewropa çempiony boldy, 2023-nji ýylda bolsa 68,85 m netije bilen dünýä çempionatynda bürünç medal gazandy.


düýn 23:43
2.7k+

SmackDown-yň ýyldyzy Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Aktýor we restler Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň «ikona» statusyna mynasyp boldy. Onuň ady şu ýylyň sentýabr aýynda çykjak 2027-nji ýylyň neşirine giriziler....

21.06.2026 21:03
2.2k+

Amerikaly Duglass 50 m aralyga erkin usulda ýüzmekde dünýä rekordyny täzeledi

Amerikaly suwda ýüzüji Keýt Duglass 50 metr aralyga erkin usulda ýüzmekde täze dünýä rekordyny goýdy....

15.06.2026 14:15
8k+

DÇ-2026-nyň 4-nji güni: Kýurasaonyň debýuty gorkuly düýşe meňzedi, ýewropalylar bolsa aziýalylardan yza galýarlar

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň dördünji oýun güni birbada iki sany iri hasaply ýeňlişi, soňky minutlarda dartgynly tomaşa öwrülen oýunlary we taryhy rekordlary getirdi....

13.06.2026 12:21
2.9k+

Amerikan talyby päsgelçilikli 110 m aralyga ylgamakda dünýä rekordyny goýdy

Amerikaly ýeňil atletikaçy Ja'Kobe Tarp ABŞ-nyň Milli talyp sport assosiasiýasynyň (NCAA) ýaryşynda päsgelçilikli 110 metr aralyga ylgamak boýunça dünýä rekordyny goýdy....