Günorta afrikaly türgen Akani Simbine Useýn Boltuň rekordyny täzeledi

  • 19.04.2025 21:07
  • 7.9k+

Günorta afrikaly ýeňil atletikaçy Akani Simbine yzygiderli 11 möwsümiň dowamynda 100 metr aralygy 10 sekuntdan hem az wagtda ylgap geçmek bilen, rekord goýdy diýip, Track & Field Gazette habar berýär.

Türgen on möwsümiň dowamynda şeýle tizligi görkezmegi başaran ýamaýkaly meşhur ylgawçy Useýn Boltuň netijesinden hem öňe geçdi.
Botswananyň Gaborone şäherinde geçirilen Gold statusly World Athletics Continental Tour seriýaly ýaryşda 32 ýaşly türgen 100 metr aralygy 9,90 sekuntda geçmegi başardy.
Şeýle-de bolsa, ol aralygy meşhur ýamaýkalydan çalt geçip bilmedi. Boltuň 100 metrlik ylgawda şahsy görkezijisi 9,58 sekunt, Simbiniň iň gowusy görkezijisi - 9,82. Ol iň gowy wagtyny geçen ýyl görkezipdi.
Şeýle durnukly tizlik görkezijisine garamazdan, Simbine uly halkara ýaryşlarynda bir gezek hem altyn medal gazanmady. Onuň dünýä derejesindäki ýeke-täk baýragy - ýapyk binada 60 metr aralyga ylgamak ýaryşynda alan bürünç medalydyr. Geçen ýyl ol Parižde bolan Olimpiýa oýunlarynda Günorta Afrikanyň estafeta toparynyň (4x100 metr) düzüminde kümüş medal gazandy we 100 metr aralyga geçirilen şahsy ýaryşda bolsa pellehana iki gezek - Tokio-2020-de we Pariž-2024-de dördünji bolup geldi we Rio-2016-da bäşinji orny eýeledi.


26.06.2026 23:43
8k+

SmackDown-yň ýyldyzy Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Aktýor we restler Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň «ikona» statusyna mynasyp boldy. Onuň ady şu ýylyň sentýabr aýynda çykjak 2027-nji ýylyň neşirine giriziler....

21.06.2026 21:03
2.2k+

Amerikaly Duglass 50 m aralyga erkin usulda ýüzmekde dünýä rekordyny täzeledi

Amerikaly suwda ýüzüji Keýt Duglass 50 metr aralyga erkin usulda ýüzmekde täze dünýä rekordyny goýdy....

15.06.2026 14:15
8k+

DÇ-2026-nyň 4-nji güni: Kýurasaonyň debýuty gorkuly düýşe meňzedi, ýewropalylar bolsa aziýalylardan yza galýarlar

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň dördünji oýun güni birbada iki sany iri hasaply ýeňlişi, soňky minutlarda dartgynly tomaşa öwrülen oýunlary we taryhy rekordlary getirdi....

13.06.2026 12:21
2.9k+

Amerikan talyby päsgelçilikli 110 m aralyga ylgamakda dünýä rekordyny goýdy

Amerikaly ýeňil atletikaçy Ja'Kobe Tarp ABŞ-nyň Milli talyp sport assosiasiýasynyň (NCAA) ýaryşynda päsgelçilikli 110 metr aralyga ylgamak boýunça dünýä rekordyny goýdy....