Kanadaly türgen 35 km aralyga sport ýörişinde täze dünýä rekordyny goýdy

  • 23.03.2025 18:04
  • 3.3k+

Tokioda geçirilen Olimpiýa oýunlarynyň bürünç baýragynyň eýesi kanadaly Ewan Danfi 35 km aralyga sport ýörişinde täze dünýä rekordyny goýdy. Slowakiýanyň Dudinse şäherinde geçirilen ýaryşda ol bu aralygy 2:21.40 wagt bilen tamamlady.

Kanadaly öňki rekordy ýedi sekunt aratapawut bilen täzeledi. Ol ýaponiýaly Masanori Kawano degişli bolup, 2024-nji ýylyň oktýabrynda Takahatada geçirilen milli çempionatda goýlupdy.
Indi Danfiniň rekordy Bütindünýä Ýeňil atletika assosiasiýasy (World Athletics) tarapyndan tassyklanmalydyr.
34 ýaşly Ewan Danfi Tokioda geçirilen Olimpiýa oýunlarynyň (50 km) hem-de 2019-njy ýyldaky dünýä çempionatynyň (50 km) bürünç medallarynyň eýesidir. 


02.06.2026 17:37
5.1k+

Forbes: «Real» sport taryhyndaky iň köp girdeji gazanan klub boldy

Madridiň «Real» topary 2024/25-nji ýyl möwsüminiň jemleri boýunça 1,265 milliard dollar möçberinde girdeji gazanyp, sportuň ähli görnüşleriniň klublarynyň arasynda täze rekord goýdy....

01.06.2026 17:02
6.6k+

DÇ-2026-nyň stili: geljekki çempionatyň iň gelşikli we gelşiksiz futbol lybaslary kesgitlendi

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň başlanmagyna sanlyja günler galdy. Şonuň üçin şu günler esasan futbol, şeýle-de biletleriň gymmatlygy, FIFA-nyň töweregindäki düşnüksiz jedeller we dürli guramalaryň......

21.05.2026 23:19
8.6k+

FIFA Eýranyň 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatyna gatnaşmagy üçin kepillik berdi

Eýranyň Daşary işler ministrligi ýurduň milli ýygyndysynyň ABŞ-nda, Kanadada we Meksikada geçiriljek 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatyna gatnaşmak üçin Halkara futbol federasiýasyndan (FIFA) kepillik alandygyny......

15.05.2026 18:58
10k+

Klimatologlar dünýä çempionatynda aşa howply yssynyň boljakdygyny duýdurýarlar

Klimatologlar 2026-njy ýylda ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçiriljek futbol boýunça dünýä çempionatynyň käbir oýunlarynyň futbolçylaryň we janköýerleriň saglygyna zeper ýetirip biljek aşa yssy şertlerde......