Ukrainaly Ýaroslawa Maguçih 2024-nji ýylyň iň gowy zenan ýeňil atletikaçysy boldy

  • 03.12.2024 10:55
  • 6.6k+

Halkara Ýeňil atletika federasiýalarynyň assosiasiýasy (World Athletics) ukrainaly beýiklige böküji Ýaroslawa Maguçihi 2024-nji ýylyň iň gowy zenan ýeňil atletikaçysy diýip ykrar etdi. Bu barada federasiýa ýekşenbe güni, 1-nji dekabrda X sosial ulgamynda habar berdi.

Ses berişligiň finalynda Maguçih ýedi görnüşli ýaryşda Oýunlar-2024-üň Olimpiýa çempiony bolan belgiýaly Nafissata Tiamdan öňe geçdi.
Ukrainaly türgen World Athletics baýragyna yzygider üçünji ýyl dalaş etdi, ýöne baýragy ilkinji gezek aldy.

Dünýäde 2024-nji ýylyň iň gowy ýeňil atletikaçysy şwesiýaly şestli böküji 25 ýaşly Arman Dýuplantis boldy. Ol iki gezek Olimpiýa çempiony we 6,25 m Olimpiýa rekordynyň eýesidir.
Oktýabr aýynyň ahyrynda 23 ýaşly Maguçih 2024-nji ýylda Ýewropanyň iň gowy zenan ýeňil atletikaçysy diýlip atlandyryldy. Bu baýrak oňa Demirgazyk Makedoniýanyň paýtagty Skopýede geçirilen Golden Tracks dabarasynda gowşuryldy.
Parižde geçen 2024-nji ýylyň tomusky Olimpiýa oýunlarynda Ýaroslawa Maguçih ilkinji synanyşykda 2 metr beýiklikden geçip, öz dissiplinasynda altyn medalyň eýesi boldy.
Şeýle-de, şu ýyl ol 2,10 metr netijäni görkezip, yzygider üçünji gezek “Brilliant ligasynyň” finalynda utup, zenanlaryň arasynda beýiklige bökmekde dünýä rekordyny täzeledi. Bu görkeziji bilen türgen bolgariýaly Stefka Kostadinowanyň 37 ýyl saklanan öňki rekordyndan 1 sm geçdi.


13.06.2026 12:21
2.8k+

Amerikan talyby päsgelçilikli 110 m aralyga ylgamakda dünýä rekordyny goýdy

Amerikaly ýeňil atletikaçy Ja'Kobe Tarp ABŞ-nyň Milli talyp sport assosiasiýasynyň (NCAA) ýaryşynda päsgelçilikli 110 metr aralyga ylgamak boýunça dünýä rekordyny goýdy....

21.05.2026 11:27
3.4k+

Türkmen agyr atletikaçylary Aziýa çempionatynda bir kümüş we dört bürünç medal aldy

2026-njy ýylyň 9-17-nji maýy aralygynda Hindistanyň Gandinagar şäherinde geçirilen agyr atletika boýunça Aziýa çempionatynda Türkmenistanyň ýygyndy topary üstünlikli çykyş etdi. Türkmen türgenleri bu abraýly......

14.05.2026 15:38
2.5k+

Gandinagarda geçirilýän Aziýa çempionaty — 2026-da alty türkmen ştangaçysy çykyş eder

Hindistanyň Gandinagar şäherinde başlan agyr atletika boýunça Aziýa çempionaty — 2026-da Türkmenistana alty sany türgen wekilçilik eder....

29.04.2026 14:40
1.8k+

London marafony – 2026 taryhda iň köpçülikleýin marafon boldy: tas 60 müň adam gatnaşdy

2026-njy ýylyň TCS London marafony pellehana ýeten gatnaşyjylaryň sany boýunça rekord goýup, dünýäde iň köpçülikleýin marafon adyny resmi taýdan gaýtaryp aldy....