Gandinagarda geçirilýän Aziýa çempionaty — 2026-da alty türkmen ştangaçysy çykyş eder

  • 14.05.2026 15:38
  • 2.5k+

Hindistanyň Gandinagar şäherinde başlan agyr atletika boýunça Aziýa çempionaty — 2026-da Türkmenistana alty sany türgen wekilçilik eder.

Yklym derejesindäki bu bäsleşige dünýäniň 28 ýurdundan 172 ştangaçy ýygnandy. Olar erkekleriň we aýallaryň arasynda sekiz agram derejesinde baýrakly orunlar ugrunda bäsleşer.

Türkmen ýygyndysynyň çykyşlarynyň tertibini eýýäm şu gün, ýagny 14-nji maýda Bunýad Raşidow (71 kg çenli) we Bektimur Reýimow (79 kg çenli) açar. Ertir bolsa 88 kg çenli agram derejesinde Ramazan Töräýew we Gaýgysyz Töräýew medallar ugrunda göreşer.

94 kg çenli agramda ýurdumyza Rüstem Annaberdiýew wekilçilik eder, milli ýygyndynyň çykyşlaryny bolsa 110 kg çenli agramda Döwranbek Hasanbaýew tamamlar.

Hindistan agyr atletika boýunça Aziýa çempionatyny 44 ýyllyk arakesmeden soň ikinji gezek kabul edýär — soňky gezek bu ýaryş 1982-nji ýylda Delide geçirilen IX Aziýa oýunlarynyň çäginde bolupdy.

Belläp geçsek, Hytaýyň Szýanşan şäherinde geçen ýyl geçirilen birinjilikde Türkmenistanyň ýygyndysy mynasyp netije görkezip, 6 sany medal (1 altyn, 1 kümüş we 4 bürünç) gazanypdy we umumy topar hasabynda dokuzynjy orny eýeledi. Bu üstünlige Döwranbek Hasanbaýew, Bunýad Raşidow, Bektimur Reýimow we Anamjan Rustamowa uly goşant goşdy.


22.06.2026 17:52
4.9k+

Ulan-Batordaky ýaryş jemlendi: dzýudoçy Maýsa Pardaýewa bürünç medal gazandy

Türkmen dzýudoçysy Maýsa Pardaýewa 2028-nji ýylda Los-Anjelesde geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna saýlama tapgyrynyň ilkinji tapgyry bolan Ulan-Batordaky «Uly tuwulga» ýaryşynda 57 kg çenli agram derejesinde......

18.06.2026 14:40
4.4k+

Los-Anjeles — 2028-e tarap ýoluň başlangyjy: 16 türkmen dzýudoçysy Ulan-Batora ugrady

19—21-nji iýun aralygynda Ulan-Bator (Mongoliýa) şäherinde dzýudo boýunça abraýly «Uly tuwulga» ýaryşy geçiriler. Halkara dzýudo federasiýasynyň (IJF) resmi saýtynda habar berlişi ýaly, ýaryşlara dünýäniň 58......

17.06.2026 13:03
17k+

Arslanmyrat Amanow: «Dünýä çempionatynda Özbegistanyň milli ýygyndysyna we dostlaryma janköýerlik ederin»

Sebitiň iň tanymal we zehinli futbolçylarynyň biri, Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Arslanmyrat Amanow 2026-njy ýyldaky dünýä çempionaty baradaky pikirlerini paýlaşdy. Häzirki wagtda «Arkadag»......

11.06.2026 08:03
3.4k+

Türkmen karateçileri Manilada geçirilen ýaryşda altyn we bürünç medallary gazandy

Filippinleriň paýtagty Manila şäherinde geçirilen «Karate-1 Ýaşlar ligasy» (Karate 1-Youth League) dünýä tapgyrynyň ýaryşynda türkmen türgenleri üstünlikli çykyş edip, altyn we bürünç medallary gazandy....