Türkmen agyr atletikaçylary Aziýa çempionatynda bir kümüş we dört bürünç medal aldy

  • 21.05.2026 11:27
  • 3.3k+

2026-njy ýylyň 9-17-nji maýy aralygynda Hindistanyň Gandinagar şäherinde geçirilen agyr atletika boýunça Aziýa çempionatynda Türkmenistanyň ýygyndy topary üstünlikli çykyş etdi. Türkmen türgenleri bu abraýly yklym ýaryşynda ýokary ussatlyk görkezip, bir kümüş we dört bürünç medala mynasyp boldy.

Dartgynly geçen bäsleşiklerde Döwranbek Hasanbaýew silterläp götermekde 188 kg netije görkezip, iki görnüşiň jemi boýunça 392 kg agramy aldy. Netijede, ol umumy görkeziji boýunça kümüş medala we silterläp götermekde bürünç medala mynasyp boldy.

Toparyň beýleki bir agzasy Rüstem Annaberdiýew bolsa silterläp götermekde 158 kg we itekläp götermekde 196 kg görkezip, jemi 354 kg agramyň hötdesinden geldi. Ol umumy netije boýunça üçünji orny eýeledi, şeýle-de silterläp götermek boýunça bürünç medala mynasyp boldy.

Bunýad Raşidow silterläp götermekde 147 kg netije görkezip, bürünç medalyň eýesi boldy. Türgen itekläp götermekde 165 kg galdyryp, iki görnüşiň jemi boýunça 312 kg aldy.

Aziýa çempionaty yklymyň iň güýçli agyr atletikaçylaryny bir ýere ýygnady. Birnäçe ugurlar boýunça Hytaýyň, Özbegistanyň, Eýranyň, Günorta Koreýanyň, KHDR-iň, Hindistanyň we Taýwanyň wekilleri ýeňijiler we baýrakly orunlaryň eýeleri boldy.


03.06.2026 17:49
4.3k+

8 ýaşly türkmen tennisçisi Gazagystandaky ýaryşda iki altyn medal gazandy

Türkmenistandan sekiz ýaşly tennisçi Alyhan Nurýagdyýew 25-nji we 30-njy maý aralygynda Gazagystanyň Aktobe şäherinde geçirilen «Aktobe Masters 10&Under GA Road to TOP 8» halkara ýaryşynda iki sany altyn......

30.05.2026 08:45
8.3k+

Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempion boldy

Türkmen boksçysy Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempionlyk guşagyny gazandy. Tutluşyk Daşkentdäki «Humo Arena» sport toplumynda, WBC Ýewraziýa Boxing Night halkara boks agşamynyň çäklerinde......

27.05.2026 18:22
9.4k+

Alp Arslan Begenjow Wýetnamdaky U23 Aziýa çempionatynda altyn medal gazandy

Wýetnamyň Danang şäherinde geçirilen U23 & U17 Asian Championships 2026 yklym birinjiliginde Türkmenistandan erkin göreşiji Alp Arslan Begenjow 23 ýaşa çenli türgenleriň arasynda Aziýanyň çempiony boldy....

25.05.2026 15:19
2.8k+

Türkmen karateçileri Germaniýada geçirilen halkara ýaryşda 9 medal gazandy

2026-njy ýylyň 22-23-nji maýynda Germaniýanyň Bad-Nouhaým şäherinde kiokuşinkaý karate boýunça halkara çempionat geçirildi. Onda Türkmenistanyň ýygyndy topary dürli ýaş we agram derejelerinde altyn, kümüş......