Keniýaly zenan ylgawçy Çepngetiç Çikago marafonynda dünýä rekordyny goýdy

  • 14.10.2024 15:29
  • 5.5k+

13-nji oktýabrda Çikagoda meýjorlar seriýasyndan marafon geçirildi. Professional ylgawçylar üçin esasy hasaplanýan iň uly alty marafon Tokioda, Bostonda, Londonda, Berlinde, Çikagoda we Nýu-Ýorkda geçirilýän marafonlary öz içine alýar.

Marafonyň ýeňijileri Rut Çepngetiç we Jon Korir boldy.
2019-njy ýylyň dünýä çempiony Rut Çepngetiç zenanlaryň arasynda geçirilen marafonda täze dünýä rekordyny goýdy. Öňki dünýä rekordy 2.11:53 bolup, ony Berlin marafonynda Efiopiýadan Tigist Assefa goýupdy. Çepngetiç 2.09:56 netijäni görkezip, rekordy 2 minut tapawut bilen täzeledi we 2 sagat 10 minut görkezijiden çykan ilkinji zenan boldy.
Tokio marafonynyň häzirki ýeňijisi bolan Efiopiýadan Sutume Kebede tas 8 minut tapawut bilen ikinji bolup pellehana geldi. Onuň wagty 2.17:32 boldy. 2022-nji ýylyň Arkalaşygyň oýunlarynda 10 000 metre ylgamakda kümüş medalyň eýesi bolan keniýaly Iren Çeptaý marafony ondan 20 sekunt giç tamamlady.
Ýatlap geçsek, Rut Çepngetiç Çikago marafonyny üçünji gezek utdy. Öň, ol 2021-nji we 2022-nji ýyllarda ýeňiji bolupdy, geçen ýyl bolsa ikinji orny eýeledi.

Erkekleriň arasynda geçirilen marafonda-da Keniýanyň wekili Jon Korir 2.02:44 wagt bilen ýeňiji boldy. Bu Çikago marafonynyň taryhynda ikinji netijedir. Jon öz rekordyny 2 minutdan gowrak gowulaşdyrdy hem-de ýakyn bäsdeşinden tas 2 minut çalt boldy.
Efiopiýadan Mohamed Huseýdin Esa pellehana ikinji bolup geldi. Ol 2.04:39 wagty görkezdi. 2019-njy ýylyň dünýä çempionatynyň bürünç medalynyň eýesi, 2022-nji ýylyň London marafonynyň ýeňijisi keniýaly Amos Kipruto üçünji boldy (2.04:50).


22.06.2026 14:40
4.4k+

UFC amerikan harby gullukçylary üçin ýaryş geçirmegi meýilleşdirýär

UFC-niň prezidenti Dana Waýt ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp bilen bilelikde harby gullukçylar üçin ýaryş geçirmek meýilleri barada mälim etdi....

21.06.2026 21:03
2.1k+

Amerikaly Duglass 50 m aralyga erkin usulda ýüzmekde dünýä rekordyny täzeledi

Amerikaly suwda ýüzüji Keýt Duglass 50 metr aralyga erkin usulda ýüzmekde täze dünýä rekordyny goýdy....

15.06.2026 15:55
10k+

Ak tamyň çäginde geçen UFC Freedom 250-niň netijeleri we pul baýraklary belli boldy

Waşingtonda, Ak tamyň çäginde geçirilen UFC Freedom 250 ýaryşy ýeňil agramda çempionyň üýtgemegi we agyr agram derejesinde wagtlaýyn titulyň eýesiniň kesgitlenmegi bilen tamamlandy. Ýaryşlar tamamlanandan soň,......

15.06.2026 15:42
11k+

Getji Ak tamda Topuriýanyň ýüzüni «döwüp», ýeňil agramda täze çempion boldy

ABŞ-nyň Waşington şäherinde, Ak tamyň çäginde geçirilen UFC White House: Freedom 250 ýaryşynyň esasy duşuşygy ýeňil agram derejesinde (70,3 kg çenli) UFC-niň çempiony, asly gruziýaly bolan ispan söweşijisi......