Efiopiýaly Tamirat Tola marafonda Olimpiýa rekordyny täzeledi, meşhur Kipçoge ýaryşdan çykdy

  • 11.08.2024 23:53
  • 2.5k+

Pariždäki Olimpiýa marafonynda 2022-nji ýylyň dünýä çempiony, 32 ýaşly efiopiýaly Tamirat Tola ýeňiji boldy. Ol 42 km 195 m aralygy 2 sagat 6 minut 26 sekuntda geçip, täze Olimpiýa rekordyny goýdy.

Ikinji orny belgiýaly Başir Abdi eýeledi, ol ýeňijiden 21 sekunt yza galdy. Üçünji bolup pellehana keniýaly Benson Kipruto geldi (+34 sekunt).
Belläp geçsek, taryhda iň köp titula eýe bolan marafonçylaryň biri, bu aralykda iki gezek Olimpiýa çempiony (2016, 2020), keniýaly Eliud Kipçoge 35-nji kilometrde ýaryşdan çykdy. Şol wagta çenli 39 ýaşly türgen öňdebaryjydan 8 minutdan gowrak yza galyp, soňky, 77-nji orny eýeleýärdi. Şondan soň ol tomaşaçylara tarap öwrülip, olara öz krossowkasyny sowgat berdi.
Kipçoge hiç haçan distansiýadan çykmandygyny aýtdy.

“Bu meniň iň erbet marafonym” – diýip, türgen belledi we häzirki Olimpiadanyň özi üçin soňky bolandygyny aýtdy.

Kipçogeden başga-da, iki Olimpiýa altyn medalyny diňe iki ylgawçy aldy – efiopiýaly Abebe Bikila (1960-njy ýyllarda) we GDR üçin çykyş eden Waldemar Serpinski (1970-1980-nji ýylarda). Marafonda Olimpiýa oýunlarynyň üç altyn medaly hiç kimde ýok. 


02.06.2026 17:37
5.2k+

Forbes: «Real» sport taryhyndaky iň köp girdeji gazanan klub boldy

Madridiň «Real» topary 2024/25-nji ýyl möwsüminiň jemleri boýunça 1,265 milliard dollar möçberinde girdeji gazanyp, sportuň ähli görnüşleriniň klublarynyň arasynda täze rekord goýdy....

05.05.2026 17:34
9.5k+

Meksikaly türgen bir gije-gündiziň dowamynda 12 345 gezek turnikde çekilip, rekord goýdy

Meksikaly türgen Enrike Sapata 24 sagadyň dowamynda 12 345 gezek turnikde çekilip, dünýä rekordyny täzeledi. Bu netije mundan ozal 11 900 gezek çekilen belgiýaly Lennert Şotsyň rekordyndan ýokary boldy....

05.05.2026 15:03
4.4k+

Abu-Dabidäki attraksion 4,9 sekuntda 240 km/sag tizlik bilen Ginnese girdi

Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherindäki «Ferrari World» seýilgähinde ýerleşýän «Formula Rossa» attraksiony dünýäniň iň çalt attraksiony hökmünde ykrar edildi....

01.05.2026 11:50
7.5k+

Ultramarafonçy krokodilli derýada ýüzüp, tizlik rekordyny goýdy

Britan-awstraliýaly ultramarafonçy Endi Donaldson Awstraliýanyň krokodiller ýaşaýan Ord derýasynda 55 km aralygy ýüzüp geçmek boýunça tizlik rekordyny goýdy. Türgen bu aralygy 11 sagat 51 minutda ýüzüp geçdi......