Ugandaly Çeptegei 10 müň metre ylgawda Olimpiýa rekordy bilen ýeňiş gazandy

  • 03.08.2024 17:23
  • 3.3k+

Ugandadan Joşua Çeptegei 10 000 metre ylgawda Olimpiýa oýunlary-2024-üň altyn medalyny gazandy we täze Olimpiýa rekordyny goýdy. Ol bu aralygy 26:43,14 wagtda geçip, 2008-nji ýyldan bäri saklanýan efiopiýaly Kenenisa Bekeläniň rekordyny (27:01,17) 18 sekunt gowulaşdyrdy.

Belläp geçsek, ahyrky ylgawda 27 minutdan has gowy netijäni birbada 13 türgen görkezdi. Ýagny, 13 ylgawçy Olimpiadanyň rekordyndan öňe geçdi.
Bu aralykda dünýä rekordyna hem Çeptegei eýeçilik edýär – 26:11,00.
Kümüş medaly Efiopiýadan Berihu Aregawi, bürünç medaly amerikaly Grant Fişer aldy.
Bu Çeptegeiniň karýerasynda üçünji Olimpiýa medalydyr. Tokioda geçirilen Olimpiýa oýunlarynda ol 5000 metre ylgawda altyn, 10 000 metre ylgawda kümüş medal gazandy.


06.05.2026 23:46
1.9k+

Täjigistanyň paýtagty World Judo Masters-2026 ýaryşyny kabul eder

Halkara dzýudo federasiýasy (IJF) dünýäniň iň abraýly ýaryşlarynyň biri bolan World Judo Masters ýaryşynyň 2026-njy ýylyň 18-20-nji dekabry aralygynda Duşenbe şäherinde geçiriljekdigini resmi taýdan yglan etdi....

06.05.2026 22:54
1.7k+

KHBS: HOK kibersport boýunça ýöriteleşdirilen komitetiň işini togtatdy

Halkara olimpiýa komiteti (HOK) kibersport boýunça ýöriteleşdirilen komitetiň işini togtatdy. Bu barada Ýaponiýanyň «Livedoor» neşiri habar berýär....

05.05.2026 17:34
9.4k+

Meksikaly türgen bir gije-gündiziň dowamynda 12 345 gezek turnikde çekilip, rekord goýdy

Meksikaly türgen Enrike Sapata 24 sagadyň dowamynda 12 345 gezek turnikde çekilip, dünýä rekordyny täzeledi. Bu netije mundan ozal 11 900 gezek çekilen belgiýaly Lennert Şotsyň rekordyndan ýokary boldy....

05.05.2026 15:03
4.4k+

Abu-Dabidäki attraksion 4,9 sekuntda 240 km/sag tizlik bilen Ginnese girdi

Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherindäki «Ferrari World» seýilgähinde ýerleşýän «Formula Rossa» attraksiony dünýäniň iň çalt attraksiony hökmünde ykrar edildi....