Gurban Berdiýew «Turan Towuz» toparyny ýewrokubok ýaryşlaryna çykardy

  • 11.05.2026 22:47
  • 9k+

Gurban Berdiýew ýewrokuboklara dolanýar. Türkmen tälimçisiniň ýolbaşçylyk edýän «Turan Towuz» topary häzirki möwsümde Azerbaýjanyň çempionatynyň netijeleri boýunça, iň bolmanda, üçünji orny özüne kepillendirdi we Konferensiýa ligasynda çykyş etse gerek.

Ýekşenbe güni, 10-njy maýda, «Turan» öz meýdançasynda Azerbaýjanyň çempionatynyň 31-nji tapgyrynyň duşuşygynda «Karwany» 1:0 hasabynda utdy. Berdiýewiň topary indi üçünji orundan aşak düşmez, ýöne ikinji orunda barýan «Karabahy» yzda galdyrmak üçin entek teoretik mümkinçilikleri bar. Möwsümiň tamamlanmagyna iki tapgyr galanda, «Karabah» «Turandan» 4 utuk öňde barýar. Çempionlygy bolsa möhletinden ir «Sabah» topary kepillendirdi.

«Meniň Azerbaýjandaky üstünligim karýeramda aýratyn orun eýeleýär. Sebäbi bu iki ýylyň dowamynda biz iň aşaky derejeden başlap, häzirki derejä çenli ýetdik — biz ýewrokuboklara barýarys. Klubuň prezidenti düzümi güýçlendirmek wezipesini goýdy. Biz futbolçylary çagyrmak üçin dürli ýollary gözleýäris. Oýunçylary çagyranyňda, olar ilki bilen klubuň ýewrokuboklarda oýnaýandygyna ýa-da oýnamaýandygyna seredýär. Indi bu iş aňsat bolar» – diýip, Berdiýew belledi.

Ýatlap geçsek, Berdiýewiň ýolbaşçylygynda Russiýanyň «Rubin» topary ýurduň çempiony (2008, 2009), Kubogynyň (2011/12) we Superkubogynyň (2010, 2012) eýesi boldy, «Rostow» bolsa Russiýanyň çempionatynyň kümüş baýragyna (2015/16) mynasyp boldy. Onuň tälimçiligindäki iki topar hem ýewrokuboklarda çykyş etdi.


düýn 15:42
6.1k+

DÇ-2026: Germaniýa pleý-offda, Kýurasaonyň taryhy utugy we Tunisiň ýaryşdan çykmagy

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji tapgyrynyň duşuşyklary dowam edýär. Gyzykly we barlyşyksyz göreşe baý bolan oýunlar eýýäm ýaryşyň ilkinji ýeňijilerini we ýeňiji......

20.06.2026 20:28
12k+

46 ýaşly Ronaldinýo Italiýada futbolçy karýerasyny dikeldýär

«Altyn topuň» eýesi, braziliýaly Ronaldinýo Italiýanyň Seriýa S diwizionynda çykyş edýän «Rawenna» kluby bilen futbolçy hökmünde şertnama baglaşýar. Bu barada klubuň wise-prezidenti Ariedo Braida ANSA......

20.06.2026 14:48
12k+

DÇ-2026-da drama: ABŞ-nyň oýnunda emin şikes aldy, Türkiýe ýaryşdan gaýdýar, Braziliýa 3 gol saldy

2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyry garaşylmadyk wakalary we dartgynly pursatlary bilen dowam edýär. Ýaryşyň nobatdaky gününde ykbaly çözülen we yzly-yzyna göreşden çykan ilkinji ýygyndylar......

19.06.2026 17:01
8.9k+

Näme üçin DÇ-2026-da futbolçylar gülgüne butsyda oýnaýar

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynda dürli ýygyndy toparlaryň oýunçylary meýdança köpçülikleýin ýagdaýda gülgüne butsylarda çykýar. Bu tötänlik ýa-da türgenleriň arasyndaky gizlin ylalaşyk bolman,......