«Liwerpul» «Enfildiň» golaýynda Diogu Žotanyň hatyrasyna ýadygärlik goýar

  • 13.05.2026 23:00
  • 3.8k+

«Liwerpul» futbol kluby Ispaniýada awtoulag heläkçiliginde aradan çykan toparyň oýunçysy Diogu Žota we onuň dogany Andre Teýşeýra da Silwa bagyşlanan «Forever 20» («Ebedi 20») atly ýadygärligi tanyşdyrdy.

Portugaliýanyň milli ýygyndysynyň futbolçysy we onuň «Penafiel» toparynda çykyş eden dogany 2025-nji ýylyň 3-nji iýulynda Ispaniýanyň demirgazyk-günbatarynda heläk boldy. Klubuň berýän maglumatyna görä, Lamborghini ulagy başga bir ulagyň öňüne geçjek bolanda, tekeriniň ýarylmagy netijesinde dolandyryşy ýitirip, ýoluň bölüji zolagyna uruldy we ýandy.

Ýadygärlik «Enfild» stadionynyň golaýynda, 97 Avenue diýlip atlandyrylýan ýerde — doganlaryň ölümi baradaky habardan soň janköýerleriň müňlerçe gül, şarf, banner we beýleki hatyra zatlaryny goýan ýerinde dikiler.

Kompozisiýanyň esasy bölegi akyp duran ýürek görnüşindäki heýkel bolar, bu bolsa Žotanyň gol uran pursatlaryndaky özboluşly baýram ediş hereketine yşaratdyr. Heýkele dürli burçlardan seredeniňde, doganlaryň oýnan belgileri bolan 20 we 30 sanlary görner.

Heýkeliň aşaky böleginde ýazgylar we janköýerleriň häzirem oýunlaryň 20-nji minutynda Žota barada aýdýan aýdymynyň sözleri ýerleşdiriler. Gurluşyň içine janköýerleriň stadionyň ýanynda goýan zatlary hem goşular. Şeýle hem ýadygärligiň detallarynyň arasynda geýmpaddan bir bölek bar — bu futbolçynyň sportdan daşary gyzyklanmalaryny görkezýär.

Ýadygärligiň resmi açylyş senesi heniz yglan edilmedi.


düýn 22:49
3.8k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......

düýn 13:39
8.7k+

DÇ-2026-nyň 2-nji tapgyry tamamlandy: Ronaldo dubl etdi, Kolumbiýa bilen Angliýa pleý-offda

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda 2-nji tapgyryň ähli duşuşyklary tamamlandy. Oýun gününiň baş wakasy — özüniň ajaýyp oýny bilen meýdançada şowhun döreden Kriştianu Ronaldunyň dubly boldy. Ol......

23.06.2026 14:15
13k+

Dünýä çempionaty – 2026-nyň 12-nji güni: Messi – çempionatyň iň gowy bombardiri, 4 oýunçynyň birbada dubly

2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji duşuşyklary dowam edýär. Ýaryşyň 12-nji gününde dört futbolçy – Lionel Messi, Kilian Mbappe, Erling Holand we Ismaila Sarr dubl......

22.06.2026 15:58
14k+

DÇ-2026: üçünji orny alan toparlardan haýsysy 1/16 finala çykar? Geliň, düşünişeliň!

2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynda ilkinji gezek 48 ýygyndy çykyş edýär. Ýaryşyň giňeldilen tertibi sebäpli, pleý-off tapgyryna (1/16 finala) 32 topar çykar. Indiki tapgyra gatnaşmak hukugyny 12 toparçanyň......