Kýurasaonyň ýygyndysyny Dünýä çempionatyna ahyrsoňunda Dik Adwokat äkider

  • 13.05.2026 19:36
  • 4.7k+

Meşhur niderlandly hünärmeni Dik Adwokat futbol boýunça Kýurasaonyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesine dolanyp gelýär.

78 ýaşly tälimçi iýun aýynda geçiriljek dünýä çempionatynda topara ýolbaşçylyk eder. Ol şeýle derejedäki ýaryşlaryň taryhynda iň garry tälimçi bolar.

Mundan ozal, Adwokat milli ýygyndy bilen saýlama tapgyryndan üstünlikli geçipdi, emma 2026-njy ýylyň fewralynda maşgala ýagdaýlary sebäpli wezipesinden çekilmäge mejbur bolupdy. ESPN neşiriniň berýän maglumatyna görä, şu ýylyň mart aýynda geçirilen şowsuz ýoldaşlyk duşuşyklaryndan soň (Awstraliýadan 1:5 we Hytaýdan 0:2 hasabynda utulmagy), tälimçiniň dolanyp gelmegini futbolçylaryň özleri talap edipdirler.

Kýurasao Futbol federasiýasyna hemaýatkärler tarapyndan edilen maliýe basyşy hem bu kararda goşmaça ýagdaý boldy.

11-nji maýda guramanyň resmi saýty fewral aýyndan bäri baş tälimçi bolup işlän Fred Rýutteniň wezipesinden gidendigini habar berdi.

Dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynda Kýurasaonyň ýygyndysy Germaniýanyň, Kot-d'Iwuaryň we Ekwadoryň toparlary bilen duşuşar.


düýn 14:15
9.2k+

Dünýä çempionaty – 2026-nyň 12-nji güni: Messi – çempionatyň iň gowy bombardiri, 4 oýunçynyň birbada dubly

2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji duşuşyklary dowam edýär. Ýaryşyň 12-nji gününde dört futbolçy – Lionel Messi, Kilian Mbappe, Erling Holand we Ismaila Sarr dubl......

22.06.2026 15:58
12k+

DÇ-2026: üçünji orny alan toparlardan haýsysy 1/16 finala çykar? Geliň, düşünişeliň!

2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynda ilkinji gezek 48 ýygyndy çykyş edýär. Ýaryşyň giňeldilen tertibi sebäpli, pleý-off tapgyryna (1/16 finala) 32 topar çykar. Indiki tapgyra gatnaşmak hukugyny 12 toparçanyň......

22.06.2026 13:42
5.7k+

DÇ-2026: Ýamalyň we Kabo-Werdäniň ilkinji gollary, Belgiýa ýene-de utuk ýitirýär

​Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji böleginiň duşuşyklary dowam edýär. Bu tapgyr eýýäm bäsleşik başlamanka hünärmenleriň çaklamalarynyň diňe çaklama bolup......

21.06.2026 15:42
8.4k+

DÇ-2026: Germaniýa pleý-offda, Kýurasaonyň taryhy utugy we Tunisiň ýaryşdan çykmagy

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji tapgyrynyň duşuşyklary dowam edýär. Gyzykly we barlyşyksyz göreşe baý bolan oýunlar eýýäm ýaryşyň ilkinji ýeňijilerini we ýeňiji......