Braziliýa Dünýä çempionatlarynyň saýlama tapgyrlarynyň ählisinden geçmegi başaran ýeke-täk ýygyndy bolmagynda galýar

  • 11.06.2025 14:58
  • 12k+

Braziliýanyň milli ýygyndysy Paragwaýy 1:0 hasabynda ýeňip, resmi taýdan 2026-njy ýylda geçiriljek futbol boýunça Dünýä çempionatyna gatnaşmaga hukuk gazandy.

Şeýlelikde, Braziliýa ähli dünýä çempionatlarynyň saýlama tapgyryndan geçmegi başaran taryhda ýeke-täk milli ýygyndy bolmagynda galýar. 1930-njy ýyldan bäri jemi 22 ýaryş geçirildi. Karlo Ançelottiniň ýolbaşçylyk edýän ýygyndysynyň 2026-njy ýyldaky çempionata gatnaşmagy hasap boýunça 23-nji gezek bolar.
Braziliýa dünýä çempionatyny 5 gezek gazanyp, bu ugurda hem rekord eýesi bolup durýar. Ikinji ýerde bolsa 20 gezek gatnaşan Germaniýa ýerleşýär.

Dünýä çempionatyna ilkinji bolup gatnaşmaga hukuk gazanan ýygyndy Argentinadyr. Ol häzirki wagtda KONMEBOL-yň saýlama tapgyrynyň lideridir. Ikinji orunda bolsa goşmaça görkezijiler boýunça Braziliýadan öňde duran Ekwador bar.
Günorta Amerikadan galan üç göni ýollanma ugrunda Urugwaý, Paragwaý, Kolumbiýa, Wenesuela we Boliwiýa göreşýär. Ýedinji orny eýelän topar sebitara pleý-off-da oýnar. Peru bilen Çili bolsa çempionata gatnaşmak mümkinçiligini elden gidirdi.
2026-njy ýylda geçiriljek Dünýä çempionatyny Kanada, ABŞ we Meksika bilelikde kabul eder. Kanadada we Meksikada 13 oýun, ABŞ-da bolsa 78 oýun geçiriler. Bu çempionat taryhda ilkinji gezek 48 milli ýygyndynyň gatnaşmagynda 11-nji iýun — 19-njy iýul aralygynda geçiriler.


düýn 13:51
8.8k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......

26.06.2026 14:33
12k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
9.3k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

24.06.2026 22:49
8.1k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......