"Barselonanyň" YouTube-kanaly FIFA-dan we NBA-dan öňe geçip, sport guramalarynyň arasynda iň meşhury boldy

  • 16.08.2025 18:35
  • 8.3k+

“Barselona” klubunyň YouTube-kanalynyň agzalarynyň sany 23,8 milliona ýetdi. Bu görkeziji kluby platformadaky iň meşhur sport guramasyna öwürdi diýip, klubuň metbugat gullugy habar berdi.

Agzalarynyň sany boýunça katalon kluby FIFA-ny (23,6 mln) we NBA-ny (23,3 mln) yzda goýdy. Ýanwar aýynda “Barselona” dünýäde YouTube-kanaly 20 milliondan geçen ilkinji sport kluby bolupdy.
Mysal üçin, Madridiň "Realynyň" häzirki wagtda 18,1 mln, La Liganyň — 13,1 mln, "Liwerpulyň" bolsa 11,7 mln agzasy bar.

Klubuň bellemegine görä, Žoan Gamper Kubogy ugrunda “Komo” bilen geçirilen (5:0) oýnuň YouTube-da görkezilmegi 9,7 million täze ulanyjy getirdi. Jemi tomaşa sany 18 746 962-e ýetdi.
Hytaýyň Douyin platformasynda bolsa bu duşuşyk 1,2 milliondan gowrak gezek görüldi. Görkezişden soň şol ýerde “Barselonanyň” hasabyna 5000-den gowrak täze agza goşuldy.


18.06.2026 10:36
4.4k+

«Real» Bernardo Silwany alandygyny mälim etdi

Madridiň «Realy» ýarymgoragçy Bernardo Silwanyň toparyna goşulandygyny yglan etdi. Portugaliýaly futbolçy şertnamasynyň möhleti tamamlanandan soň «Mançester Sitini» terk etdi we karýerasyny Ispaniýada dowam......

17.06.2026 11:14
8.8k+

FIFA Müsüriň ýygyndysyndan lybasyndaky ýedi ýyldyzy aýyrmagy talap etdi

FIFA guramasy Müsüriň milli ýygyndysyndan 2026-njy ýyldaky Dünýä çempionatynda geýjek oýun lybasynyň ýüzündäki ýedi sany ýyldyzy aýyrmagy talap etdi. Bu barada žurnalist Maýki Žunior X sosial ulgamyndaky......

17.06.2026 09:46
11k+

Bu üýtgewsiz düzgüne garşy! FIFA Trampa DÇ-2026-nyň ýeňijisine Dünýä kubogyny gowşurmaga rugsat berer

Halkara futbol federasiýasy ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň islegini ýerine düşürdi we oňa 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň jemleýji sylaglama dabarasynyň üýtgewsiz düzgünini bozmaga rugsat berdi. Bu......

16.06.2026 10:04
6k+

«Real» «Çelsiden» Mark Kukurelýany satyn alandygyny mälim etdi

Madridiň «Realy» «Çelsiniň» goragçysy Mark Kukurelýany toparyna goşandygyny yglan etdi. Ispaniýaly futbolçy bilen baglaşylan şertnama 2032-nji ýyla çenli niýetlenen....