Coldplay, Jeý Balwin, Doja Cat we Tems dagy Klublaýyn dünýä çempionatynyň finalynyň arakesmesinde çykyş eder

  • 12.06.2025 12:31
  • 4.5k+

Nýu-Jersi ştatynyň Ist-Rezerford şäher okrugyndaky MetLife stadionynda FIFA-nyň Klublaýyn dünýä çempionatynyň final oýnunyň arakesmesinde aýdym-sazly şüweleň bolar. FIFA 13-nji iýulda boljak konsertde kolumbiýaly aýdymçy Jeý Balwiniň, repçi aýdymçy Doja Cat-yň we nigeriýaly artist Temsiň esasy hedlaýnerler boljakdygyny habar berdi.

Halkara futbol federasiýasy bu çäräni bilim we adam hukuklary guramasy bolan Global Citizen we iňlis rok topary Coldplay bilen bilelikde guraýar.

"Oýnuň arakesmesindäki jemleýji şüweleňe Coldplay-den Kris Martin baş bolar. Ol FIFA Global Citizen bilim gaznasyny goldamaklyk üçin geçirilip, maksady oňat hilli bilime elýeterliligi gowulandyrmak üçin 100 million dollar ýygnamakdyr" – diýip, FIFA-nyň bildirişinde aýdylýar.

32 toparyň gatnaşmagyndaky Klublaýyn dünýä çempionaty 14-nji iýundan 13-nji iýul aralygynda ABŞ-da geçiriler. Ýaryş 14-nji iýunda Maýamide açylar. Birinji oýunda “Inter Maýami” Lionel Messi bilen Müsüriň “Al Ahli” klubuna garşy oýnar.


22.06.2026 22:53
6.6k+

DÇ-2026-nyň topy kosmosa-da baryp ýetdi

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň resmi topy bolan Adidas Trionda Halkara kosmos stansiýasyna (HKS) iberildi....

19.06.2026 19:56
6.9k+

Şotlandiýaly janköýer ýygyndysynyň oýny üçin ABŞ-ny pyýada söküp, haýyr-sahawat üçin 1 million funt sterling toplady

Şotlandiýanyň Peýsli şäherinden bolan 22 ýaşly futbol janköýeri Kreýg Fergýuson ABŞ-nyň tutuş çägini pyýada kesip geçdi. Bu barada «WBUR» radiostansiýasy habar berýär....

13.06.2026 09:33
10k+

Eger ABŞ DÇ-2026-da ýeňiji bolsa, Jeep 100 sany wnedorožnigi sowgat berer. Emma birje ýönesi bar...

Amerikanyň Jeep brendi Futbol boýunça dünýä çempionatynyň şanyna adaty bolmadyk watançylyk mahabat kampaniýasyny başlady. Kompaniýa eger ABŞ-nyň topary çempionatda ýeňiş gazansa, 100 sany Jeep Wrangler......

12.06.2026 15:47
12k+

Şakira, labubu we astekler: DÇ-2026-nyň açylyş dabarasy nähili geçdi (FOTO)

Meksikanyň paýtagtyndaky «Asteka» stadionynda futbol boýunça dünýä çempionatynyň açylyş dabarasy boldy we ol ýaryşyň ilkinji resmi duşuşygynyň öňüsyrasynda guraldy. Bu uly şüweleň, esasan, iki bölege bölündi....