Klublaýyn dünýä çempionatynyň ýarym finalynyň petekleri 473 dollardan 13 dollara çenli arzanlady

  • 08.07.2025 13:23
  • 10k+

Klublaýyn dünýä çempionatynyň “Çelsi” bilen “Fluminenseniň” arasyndaky ýarym finaly üçin petekleriň bahasy üç günde 473,9 dollardan 13,4 dollara çenli arzanlady. The Athletic-iň habar berşi ýaly, bu 35 esseden gowrak arzandyr.

Angliýanyň we Braziliýa klublarynyň arasyndaky oýun 8-nji iýulda Ist-Reterfordda (Nýu-Jersi) 80 müňden gowrak tomaşaça niýetlenen Met Life stadionynda geçiriler.

Sky Sports-yň habar bermegine görä, “Çelsiniň” oýunlary üçin şeýle petek bahasyny klubuň janköýerleri diňe 1990-njy ýyllaryň başynda görüpdi. Adatça, has gymmat hasaplanýan aşaky hatarlar üçin petekleriň bahasy 44,6 dollara barabar.

Deňeşdirmek üçin, 9-njy iýulda şol stadionda geçiriljek “Real” bilen “PSŽ-niň” arasyndaky beýleki ýarym final üçin petekleriň bahasy 200 dollardan başlaýar. 2-nji iýulda olaryň bahasy 978 dollardy.  

FIFA ýaryşda çeýe bahalary ulanýar. Neşiriň maglumatlaryna görä, şeýle çemeleşmäni 2029-njy dünýä çempionatynda hem ulanmak meýilleşdirilýär.

Ýaryş ilkinji gezek 32 toparyň gatnaşmagynda geçirilýär. Toparlaýyn tapgyryň oýunlaryna ortaça gatnaşyk 35 müňden gowrak tomaşaçy boldy. Köp oýunlarda orunlar boş galdy. 


düýn 13:51
8.5k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......

26.06.2026 14:33
12k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
9.3k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

24.06.2026 22:49
8.1k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......