Müsür 2034-nji ýyldaky Dünýä çempionatynyň oýunlaryny kabul etmegi umyt edinýär

  • 13.03.2025 17:10
  • 2.3k+

Müsüriň futbol assosiasiýasynyň prezidenti Hani Abo Rida FIFA-dan 2034-nji ýyldaky Dünýä çempionatynyň toparlaýyn tapgyrynyň käbir oýunlaryny kabul etmek üçin hukugyň berilmegini haýyş etdi diýip, «Newscentral» habar berýär.

2024-nji ýylyň 11-nji dekabrynda geçirilen FIFA kongresinde, Saud Arabystany 2034-nji ýyldaky dünýä çempionatynyň resmi guramaçysy hökmünde tassyklandy. Afrikanyň futbol konfederasiýasynyň baş assambleýasynda, Müsüriň futbol assosiasiýasynyň prezidenti Hani Abo Rida Saud Arabystanynyň bu uly ýaryş boýunça görýän taýýarlygyna ýokary baha berdi we olaryň dalaşgärligini goldady. Şeýle-de ol, FIFA-nyň Müsüre Afrikanyň käbir oýunlaryny kabul etmäge mümkinçilik berjekdigine umyt bildirýändigini aýtdy.
Müsür ilkinji gezek 1934-nji ýyldaky dünýä çempionatyna gatnaşyp, bu ýaryşda çykyş eden ilkinji afrikan ýygyndysy bolupdy.
2030-njy ýylda FIFA ilkinji dünýä çempionatynyň ýüz ýyllygyny belleýär. 1930-njy ýylda geçirilen bu ýaryş Urugwaýyň paýtagty Montewideo şäherinde gurnalypdy. Bu şanly senäniň hormatyna, toparlaýyn tapgyryň käbir oýunlary Urugwaýda, Paragwaýda we Argentinada geçiriler. Esasy guramaçy ýurtlar bolsa Ispaniýa, Portugaliýa we Marokko bolar.


şu gün 13:51
4.7k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......

düýn 14:33
11k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
9.1k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

24.06.2026 22:49
8k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......