2034-nji ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatyny Saud Arabystany kabul eder

  • 14.12.2024 08:53
  • 7.4k+

11-nji dekabrda geçirilen Halkara futbol federasiýasynyň (FIFA) kongresinde 2030-njy we 2034-nji ýyllarda futbol boýunça dünýä çempionatlaryny kabul etjek ýurtlar resmi taýdan tassyklandy. Çözgüt adaty bolmadyk görnüşde ses bermek – el çarpyşmalar arkaly kabul edildi diýip, The Guardian habar berýär.

Ozal hem belli bolşy ýaly, 2030-njy ýylda dünýä çempionaty bir wagtyň özünde birnäçe ýurtda – Marokkoda, Portugaliýada we Ispaniýada geçiriler. Ýaryşyň 100 ýyllygy mynasybetli ýene üç oýun Günorta Amerikada – Urugwaýda, Paragwaýda we Argentinada geçiriler.
2034-nji ýylyň dünýä çempionatyny Saud Arabystany kabul eder. Ýurt ýeke-täk dalaşgär boldy, bu hem onuň arzasyny biragyzdan tassyklamaga mümkinçilik berdi. Patyşalyk 11 sany täze stadion gurmagy meýilleşdirýär we eýýäm birnäçe iri taslamalary işe girizdi.
48 toparyň gatnaşmagynda ýaryş bäş şäherde, şol sanda Er-Riýadda geçiriler. Yssy howa sebäpli ýaryşlar 2022-nji ýylda Katarda bolşy ýaly gyşky döwre geçirilip bilner.
Ýatlap geçsek, 2026-njy ýylda dünýä çempionaty ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçiriler. Ýaryşyň häzirki çempiony Katardaky ýaryşda ýeňiji bolan Argentinanyň milli ýygyndysydyr.


düýn 17:01
6.9k+

Näme üçin DÇ-2026-da futbolçylar gülgüne butsyda oýnaýar

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynda dürli ýygyndy toparlaryň oýunçylary meýdança köpçülikleýin ýagdaýda gülgüne butsylarda çykýar. Bu tötänlik ýa-da türgenleriň arasyndaky gizlin ylalaşyk bolman,......

düýn 14:17
6.4k+

Dünýä çempionaty – 2026: Meksika pleý-offda, Kanada Katary 6:0 hasabynda derbi-dagyn etdi

Futbol boýunça 2026-njy ýylda Meksikada, Kanadada we ABŞ-nda geçirilýän dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň ikinji tapgyry badalga aldy. Ýaryşyň eýeleri üçin çempionat örän üstünlikli dowam edýär....

18.06.2026 14:25
14k+

DÇ-2026-nyň 7-nji güni: Portugaliýanyň şowsuzlygy, Keýniň dubly we Özbegistanyň taryhy goly

Futbol boýunça Dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň birinji tapgyry tamamlandy. Tapgyr köp garaşylmadyk netijelere baý boldy. Muny geçen oýun güni hem tassyklady....

18.06.2026 09:54
1.7k+

«Milan» Ruben Amorimi baş tälimçi wezipesine belledi

Italiýanyň «Milan» futbol kluby portugaliýaly hünärmen Ruben Amorimi toparyň baş tälimçisi wezipesine belländigini resmi taýdan yglan etdi. Şertnamanyň möhleti barada klub takyk maglumat bermedi....