FIFA Klublaýyn dünýä çempionatyny 48 kluby gatnaşdyryp, her iki ýyldan geçirmek mümkinçiligini öwrenýär

  • 19.08.2025 18:40
  • 10k+

FIFA 2029-njy ýyldan başlap Klublaýyn dünýä çempionatyny her iki ýyldan bir gezek geçirmegi ara alyp maslahatlaşýar diýip, The Guardian neşiri habar berýär.

Bu teklip ilkibaşda “Real” kluby tarapyndan orta atyldy. Ýakynda geçirilen ýaryşa gatnaşmadyk birnäçe toparlar bolan — “Liwerpul”, “Barselona”, “Napoli” we “Mançester Ýunaýted” hem başlangyjy goldaw çykyş etdi.
Şeýle hem teklipleriň hatarynda ýaryşa gatnaşýan toparlaryň sanyny 32-den 48-e çenli artdyrmak we bir ýurtdan diňe iki klubyň gatnaşmagyna rugsat berýän çäklendirmäni ýatyrmak mümkinçiligi hem bar.
Şol bir wagtyň özünde, FIFA ýaryşlaryň diýseň ýygy bolýandygy baradaky tankytlary gowşatmak maksady bilen iýun aýyndaky milli ýygyndylaryň oýunlaryny geçirmezlik mümkinçiligini hem göz öňünde tutýar. Ýöne şeýle çözgüde UEFA garşy çykyp biler, sebäbi gurama şol wagtlarda Milletler ligasynyň final tapgyryny geçirýär.


şu gün 09:11
1k+

FIFA 2029-njy ýyldaky Klublaýyn dünýä çempionatyna gatnaşyjylaryň sanyny 48 topara çenli artdyrmagy meýilleşdirýär

Halkara futbol federasiýasy (FIFA) Ýewropa klublarynyň assosiasiýasy bilen bilelikde 2029-njy ýylda geçiriljek klublaryň arasyndaky dünýä çempionatyna gatnaşyjylaryň sanyny 32-den 48-e çenli artdyrmak......

düýn 23:41
3.4k+

Infantino 16 günde 27 gezek uçuş edip, dünýä çempionatynyň 24 oýnuna gatnaşdy

FIFA-nyň prezidenti Janni Infantino dünýä çempionatynyň 16 gününiň dowamynda 27 sapar uçuş etdi we 24 oýna gatnaşdy. «BBC Sport-yň» hasaplamalaryna görä, şol döwürde ol howada 66 sagatdan gowrak wagt geçirdi,......

düýn 13:41
10k+

DÇ-2026-da 1/16 tapgyryň ähli jübütleri belli boldy: oýunlaryň tertibi

ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçirilýän 2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň jemleýji oýunlary tamamlandy. 28-nji iýunda irden (Aşgabat wagty bilen) pleý-off tapgyrynyň......

düýn 12:43
7.4k+

DÇ-2026: Messiniň nobatdaky goly, DR Kongo pleý-offda, Alžir – Awstriýa oýnundaky triller

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyrynyň 3-nji aýlawynyň duşuşyklary tamamlandy. Bu oýunlaryň netijelerine görä, 1/16 finalda bäsleşjek ähli ýygyndy toparlaryň düzümi doly......