FIFA-nyň ilkinji resmi senasy hödürlendi: ony Robbi Uilýams ýazdy

  • 17.07.2025 17:32
  • 5.1k+

Britaniýaly aýdymçy Robbi Uilýams Halkara Futbol Federasiýasynyň taryhda ilkinji resmi senasyny hödürledi. Desire atly aýdym italiýaly aýdymçy Laura Pauzini bilen bilelikde ýazyldy.

Aýdymyň awtorlary Karl Brazil, Ouen Parker we Erik Ýan Grob hem-de Uilýamsyň özi boldy.
Desire aýdymynyň premýerasy 14-nji iýunda Klublaýyn dünýä çempionatynyň açylyşyndan öň boldy. Şol gün Uilýams FIFA-nyň aýdym-saz ilçisi hökmünde resmi taýdan tanyşdyryldy. Ilkinji gezek aýdym bir aýdan soň, 13-nji iýulda Nýu-Jersidäki “Metlaýf” stadionynda “Çelsi” bilen “Pari Sen-Žermeniň” arasyndaky final duşuşygyndan öň janly ýerine ýetirildi.
FIFA bu aýdymy ähli esasy çärelerde, şol sanda 2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynda ulanmagy meýilleşdirýär.

“Men çagalykdan oýunçylaryň meýdança çykyşyna, senalaryň ýaňlanyşyna, drama syn etdim. Şonuň üçin FIFA-nyň resmi senasy – bu ýönekeý bir işden uly zat. Bu mertebe” – diýip, Uilýams aýtdy. Laura Pauzini ýazga gatnaşmagyň özi üçin “bagtdygyny we hormatdygyny” belledi. 


düýn 13:51
8.5k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......

26.06.2026 14:33
12k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
9.3k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

24.06.2026 22:49
8.1k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......