FIFA milli ýygyndylaryň reýtingini täzeledi: Türkmenistan iki orun ýokary galdy

  • 10.07.2025 18:17
  • 13k+

Türkmenistanyň milli futbol ýygyndysy Halkara futbol federasiýasynyň (FIFA) täzelenen reýtinginde iki orun ýokary galdy. Indi topar 1092,4 bal (+16,27) bilen 140-njy orny eýeleýär.

Türkmenistanyň milli ýygyndysyna sanawdaky ornuny ýokarlandyrmaga 2027-nji ýylda geçiriljek Aziýanyň kubogynyň saýlama ýaryşynyň oýnundaky ýeňiş kömek etdi: 10-njy iýunda topar Tailandyň milli ýygyndysyny 3:1 hasabynda utdy.
Reýtingde birinji orny häzirki dünýä çempiony – Argentinanyň milli ýygyndysy (1885,36 bal) eýeleýär. Ikinji orunda Ýewro-2024-de ýeňiş gazanan Ispaniýanyň milli ýygyndysy (1867,09), üçünji orunda Fransiýa (1862,03) ýerleşýär.
Şeýle-de, iň güýçlüleriň ilkinji onlugyna şular girdi:

4. Angliýa – 1813.32
5. Braziliýa – 1777.69
6. Portugaliýa (+1) – 1770.53
7. Niderlandlar (-1) – 1758.18
8. Belgiýa – 1736.38
9. Germaniýa (+1) – 1716.98
10. Horwatiýa (+1) – 1707.51

Ilkinji onlugy 9-njy orundan 11-nji orna düşen italýan futbolçylary terk etdi.
Umuman, hasaba 202 oýun girdi. Utuk boýunça iň uly ösüşi Gonduras (+46,33), orun taýdan bolsa Kosta-Rika görkezdi (+14 orun). Utuk boýunça iň uly pese gaçyş Gaitide (-30,11), orun boýunça Kongoda, Gaitide, Ýamaýkada we Maldiwde (-7 orun) hasaba alyndy.


düýn 13:51
8.5k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......

26.06.2026 14:33
12k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
9.3k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

24.06.2026 22:49
8.1k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......