FIFA Klublaýyn dünýä çempionaty-2025-e gatnaşyjylara baýrak hökmünde $1 mlrd tölär

  • 07.03.2025 15:33
  • 5.2k+

Halkara futbol federasiýasy (FIFA) 2025-nji ýylyň futbol boýunça Klublaýyn dünýä çempionatyna gatnaşyjylara baýrak hökmünde 1 mlrd dollar tölär. Bu barada guramanyň saýtynda habar berilýär.

Bu dünýäniň klub futbolynyň taryhynda iň uly pul baýragydyr.

“Ýaryşdan alnan ähli girdeji gatnaşýan klublaryň arasynda we bütin dünýä boýunça raýdaşlyk tölegleri hökmünde paýlanar. FIFA bir dollary-da özüne alyp galmaz. FIFA-nyň dünýä futbolyny ösdürmek üçin niýetlenen ätiýaçlyklary eldegrilmesiz galar” – diýip, guramanyň prezidenti Janni Infantino belledi.

BBC-niň maglumatlaryna görä, rekord baýrak gaznasy dekabr aýynda DAZN ýaýlym hyzmaty bilen baglaşylan şertnamanyň netijesinde mümkin boldy. Şertnama 1 mlrd dollarlyk telewizion hukuklarynyň satylmagyny göz öňünde tutýar. Toparlar bu tölegleri hem toparlaýyn tapgyra gatnaşandygy, hem pleý-offda gazanan üstünlikleri üçin alar.
Klublaýyn dünýä çempionaty 2025-nji ýylyň 15-nji iýunyndan 13-nji iýuly aralygynda ABŞ-da geçer. Şu ýyl ýaryş ilkinji gezek täze görnüşde geçiriler. Öň, bu ýaryş her ýyl geçirilýärdi we oňa iň gowy ýedi topar gatnaşýardy. Täze düzgünlere görä, ýaryşa 32 topar gatnaşar we ol her dört ýyldan bir gezek geçiriler.


düýn 13:51
8.5k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......

26.06.2026 14:33
12k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
9.3k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

24.06.2026 22:49
8.1k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......