FIFA 2030-njy ýylyň Dünýä çempionatyna 64 ýygyndyny gatnaşdyrmak meselesini maslahatlaşar

  • 09.03.2025 06:20
  • 6.3k+

Halkara futbol federasiýasy (FIFA) 2030-njy ýyldaky dünýä çempionatyna gatnaşyjylaryň sanyny 64 topara ýetirmek mümkinçiligini öwrenýär. Bu barada The New York Times habar berýär. Çeşmäniň maglumatlaryna görä, şeýle bir gezeklik üýtgeşme dünýä çempionatynyň ýüzýyllygyna bagyşlanyp bilner.

Teklip eýýäm FIFA-nyň prezidenti Janni Infantinonyň ünsüni özüne çekdi.
2030-njy ýyldaky ýaryş alty ýurtda geçiriler. Ýaryşyň esasy ýer eýeleri Ispaniýa, Portugaliýa we Marokko bolar. Ilkinji üç oýny Argentina, Paragwaý we Urugwaý kabul eder. Çempionat ilkinji gezek dürli yklymda geçer.
Indiki dünýä çempionaty 2026-njy ýylyň 11-nji iýunyndan 19-njy iýuly aralygynda ABŞ-da, Kanadada we Meksikada 48 toparyň gatnaşmagynda geçiriler – bu eýýäm toparlaryň rekord sanydyr.


düýn 13:51
8.5k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......

26.06.2026 14:33
12k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
9.3k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

24.06.2026 22:49
8.1k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......