FIFA täze transfer penjiresiniň açylmagyny tassyklady

  • 22.05.2025 23:58
  • 5.8k+

ABŞ-da geçiriljek 2025-nji ýylyň Klublaýyn dünýä çempionatyna klublary gatnaşýan FIFA-nyň 20 agza assosiasiýasynyň ählisi ýörite transfer penjiresiniň açylmagyny makullady. Bu barada Halkara futbol federasiýasynyň (FIFA) resmi saýtynda habar berilýär.

Ozal FIFA-nyň geňeşi goşmaça geçiş döwrüni tassyklady – ol 1-nji iýundan 10-njy iýun aralygynda bolup, diňe ýaryşa gatnaşýan toparlara degişlidir. Şol bir wagtyň özünde, şeýle transfer penjiresini açmak hukugy milli assosiasiýalaryň özüne berildi. Indi klublary çempionata gatnaşýan 20 assosiasiýanyň ählisi razylyk berdi.
Mundan başga-da, gatnaşyjylar topar düzümlerine üýtgeşme girizip biler: 27-nji iýundan 3-nji iýul aralygynda oýun üçin sanawa oýunçylary goşmak ýa-da aýyrmak bolýar.
2025-nji ýylyň Klublaýyn dünýä çempionaty 15-nji iýundan 13-nji iýul aralygynda ABŞ-da geçiriler. Ýaryş 32 toparyň gatnaşmagynda täze görnüşde geçer.


düýn 13:51
8.5k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......

26.06.2026 14:33
12k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
9.3k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

24.06.2026 22:49
8.1k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......