«Çelsi» we «Palmeýras» ABŞ-da Klublaýyn dünýä çempionatynyň çärýek finalynda duşuşarlar

  • 29.06.2025 14:18
  • 4.9k+

San-Paulu şäheriniň «Palmeýras» we Londonyň «Çelsi» toparlary Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda geçirilýän 2025-nji ýylyň Klublaýyn dünýä çempionatynyň ilkinji çärýek finalçylary boldular.

1/8 final tapgyrynda «Palmeýras» Rio-de-Žaneýro şäheriniň «Botafogo» toparyny ýeňdi. Esasy wagtda hasap açylmady, oýun goşmaça wagta geçdi. 100-nji minutda «Palmeýrasyň» hüjümçisi Paulinýo ýeňiş topuny geçirdi — 1:0. Oýnuň ahyrynda «Palmeýras» azlykda galdy — goragçy Gustawo Gomes 118-nji minutda gyzyl duýduryş aldy.


Beýleki duşuşykda Londonyň «Çelsi» topary Portugaliýanyň «Benfikasyny» goşmaça wagtda 4:1 hasaby bilen ýeňdi.
Duşuşygyň tamamlanmagyna 5 minut galanda oýunçylar meýdany terk etmeli boldular — bu FIFA-nyň düzgünlerine laýyklykda, eger ýyldyrym 13 km radiusda urlasa, futbolçylar meýdançadan gitmeli, tomaşaçylar stadiondan çykarylýar. Duşuşygyň emininiň — Slawko Winçiçiň karary bilen oýun 2 sagat saklandy.
Oýun saklanmazdan öň «Çelsi» 64-nji minutda Ris Jeýmsiň geçiren goly bilen öňe çykypdy. Duşuşyk täzeden başlanandan soň, 92-nji minutda «Benfikanyň» oýunçysy Janluka Prestianni gyzyl duýduryş aldy. Şonda-da portugaliýalylar 90+5-nji minutda Anhel Di Mariýanyň geçiren penalti urgusy bilen hasaby deňläp, oýny goşmaça wagta geçirdiler.
Emma goşmaça wagtda «Çelsi» garşydaşyna hiç hili mümkinçilik goýmady: 108-nji minutda Kristofer Nkunku, 115-nji minutda Pedru Netu, 117-nji minutda bolsa Kirman Dýusberi-Holl tapawutlandy.
Çärýek finalda «Çelsi» bilen «Palmeýras» duşuşar. Bu oýun 5-nji iýulda sagat 6:00-da (Aşgabat wagty bilen) geçiriler.


düýn 23:30
3.9k+

Tunisiň ýygyndysynyň tälimçisi DÇ-2026-da geçiren ilkinji oýnunyň yzysüre wezipesinden boşadyldy

Sabri Lýamuşi futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň toparçalaýyn oýunlarynyň birinji tapgyrynda topary Şwesiýadan iri hasap bilen utulandan soň, Tunisiň ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesinden......

düýn 14:15
6.1k+

DÇ-2026-nyň 4-nji güni: Kýurasaonyň debýuty gorkuly düýşe meňzedi, ýewropalylar bolsa aziýalylardan yza galýarlar

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň dördünji oýun güni birbada iki sany iri hasaply ýeňlişi, soňky minutlarda dartgynly tomaşa öwrülen oýunlary we taryhy rekordlary getirdi....

14.06.2026 15:15
11k+

Dünýä çempionatyndaky ilkinji oýnundan öň Angliýanyň milli ýygyndysynyň goşlary ogurlandy

Angliýanyň milli ýygyndysy ABŞ-da geçiriljek dünýä çempionatynyň başlanmagynyň öňüsyrasynda sport lybaslarynyň we enjamlarynyň ogurlanmagy bilen ýüzbe-ýüz boldy. Britaniýanyň «Daily Mail» gazetiniň ýazmagyna......

13.06.2026 17:07
12k+

Ertir Dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrlaryndaky iň gyzykly oýny boljakdyr!

Ertir 23-nji gezek geçirilýän futbol boýunça dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň gyzykly oýny bolar. Gürrüň Braziliýa bilen Marokkanyň arasynda geçiriljek duşuşyk hakynda barýar. Geliň, bu netijäni......