Klublaýyn dünýä çempionaty: “PSŽ” dokuz bolup “Bawariýany” utdy, “Real” “Borussiýadan” üstün çykdy

  • 06.07.2025 11:52
  • 11k+

“Pari Sen-Žermen” fransuz klubunyň futbolçylary Klublaýyn dünýä çempionatynyň dörtden bir finalynda Mýunheniň “Bawariýasyny” utdy. Atlantadaky duşuşyk parižlileriň peýdasyna 2:0 hasabynda tamamlandy.

Oýnuň 78-nji minutynda Dezire Due hasaby açdy. 82-nji minutda “PSŽ” gödek düzgün bozma üçin Wilýam Paço gyzyl duýduryş alandan soň azlykda galdy. Oýna goşulan wagtda tirsek urgusy üçin toparyň ýene bir goragçysy Lukas Ernandes gyzyl duýduryş aldy. Ýöne bu fransuz toparyna hüjüme geçip, ýene bir gol girizmäge päsgel bermedi – Usman Dembele tapawutlandy (90+7).
Ýene bir çärýek final oýnunda Madridiň “Realy” Dortmundyň “Borussiýasyny” 3:2 hasabynda utdy. Oýun Ist-Raterforddaky “Metlaýf” stadionynda geçirildi.
Gonsalo Torres (10-njy minut) bilen Fran Garsiýanyň (20-nji) gollary Madrid toparyna tutuş oýnuň dowamynda artykmaçlygy üpjün etdi, ýöne oýnuň ahyrynda ýagdaý dartgynlaşdy. 90+2-nji minutda Maksimilan Baýer hasapdaky tapawudy azaltdy. Ýene iki minutdan Kilian Mbappe “Real” üçin üçünji goly girizdi, ýöne oýna goşulan wagtyň altynjy minutynda madridliler on bolup galdy – goragçy Din Heýsen meýdançadan çykaryldy. 90+8-nji minutda Seru Girassi penaltiden hasaby 3:2 etdi, ýöne ondan artyk gola nemes klubunyň wagty ýetmedi.
“PSŽ” we “Real” 9-njy iýulda ýarym finalda duşuşar. Bir gün öň finala çykmak üçin Braziliýanyň “Fluminense” topary bilen Angliýanyň “Çelsisi” göreşer.
Klublaýyn dünýä çempionaty ABŞ-da 15-nji iýundan 13-nji iýul aralygynda geçirilýär. Oňa 32 topar gatnaşýar. Ýaryşyň baýrak gaznasy 1 mlrd dollar bolup, ýeňiji 125 mln dollar gazanyp biler.


düýn 13:51
8k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......

26.06.2026 14:33
12k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
9.3k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

24.06.2026 22:49
8.1k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......