Özbegistanyň milli ýygyndysy taryhda ilkinji gezek futbol boýunça dünýä çempionatyna çykdy

  • 06.06.2025 15:38
  • 15k+

Özbegistanyň milli ýygyndysy öz taryhynda ilkinji gezek futbol boýunça dünýä çempionatyna çykdy. Topar 5-nji iýunda Birleşen Arap Emirlikleriniň milli ýygyndysy bilen geçirilen oýundan soň ýaryşda özüne ýer kepillendirdi. Duşuşyk 0:0 hasabynda tamamlandy.

Gazanylan utuk Özbegistanyň toparyna saýlama tapgyrynyň gutarmagyna bir tapgyr galanda toparçada ikinji orny üpjün etdi. Bu netije dünýä çempionatyna göni ýollanma berýär.
Futbolçylary bu üstünlik bilen respublikanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew gutlady.

“Meniň gadyrdan ogullarym! Siz Aziýanyň iň güýçli toparlarynyň gatnaşmagynda saýlama oýunlarynda hakyky batyrgaýlygy we çydamlylygy görkezip, watanymyzyň taryhynda ilkinji gezek dünýä çempionatyna ýollama gazandyňyz. Sizi tüýs ýüregimden sözüň doly manysynda bu uly ýeňiş bilen gutlaýaryn” – diýip, Prezident aýtdy.

Özbegistanlylary bu taryhy gün bilen FIFA-nyň prezidenti Janni Infantino hem gutlady.

“Dünýä çempionatyna hoş geldiňiz! Üstünlikli saýlama tapgyryndan soň, siz indiki tomus geçiriljek ýaryşa ýollama gazandyňyz. Dünýä boýunça millionlarça janköýer dünýä arenasynda “Ak möjekleriň” ilkinji çykyşyna sabyrsyzlyk bilen garaşýar” – diýip, ol wideo ýüzlenmesinde aýtdy.

FIFA-nyň häzirki reýtinginde Özbegistan 57-nji orny eýeleýär. Aziýa toparlarynyň arasynda diňe bäş ýygyndy reýtingde ýokary orunlarda dur.
Özbegistanyň uly halkara ýaryşlarynda iň ýokary üstünligi 2021-nji ýylda Aziýanyň kubogynda dördünji orny gazanmagy boldy.
Futbol boýunça dünýä çempionaty 2026-njy ýylyň 11-nji iýunyndan 19-njy iýul aralygynda ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçiriler. Ýaryşa ilkinji gezek 48 topar gatnaşar.


düýn 13:51
8.8k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......

26.06.2026 14:33
12k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
9.3k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

24.06.2026 22:49
8.1k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......