IFAB futbol düzgünlerine möhüm üýtgeşmeleri girizdi. Olar 2025/26 möwsüminden güýje girer

  • 04.03.2025 14:59
  • 9.4k+

Halkara Futbol assosiasiýalarynyň geňeşi (IFAB) 2025/26 möwsüminden güýje girjek futbol düzgünlerine üýtgetmeleri tassyklady. Täze düzgünler bilen geçiriljek ilkinji ýaryş 15-nji iýundan 13-nji iýul aralygynda ABŞ-da geçjek Klublaýyn dünýä çempionaty bolar diýlip, guramanyň saýtynda habar berilýär.

Esasy üýtgetmeleriň biri 12.2 düzgüni bilen baglanyşyklydyr. Oňa laýyklykda, topy oýna girizmek üçin derwezebana sekiz sekunt (öňki alty sekuntyň deregine) berilýär. Emin eli bilen bäş sekunty sanar, eger top sekiz sekuntdan soň oýna girizilmese, garşydaş topara burçdan urgy berler. Ozal wagtyň uzaga çekilendigi üçin toparlar jerime meýdançasynyň içinde erkin urgyny bellemek bilen jezalandyrylýardy, ýöne eminler köplenç bu düzgüne eýermeýärdi.
Üýtgetmeler 3.10 düzgünine-de täsir etdi: indi diňe kapitanlar emin bilen gürleşip bilýär. Şeýle çözgüt oýny has guramaçylykly we birek-birege sylagly gatnaşyk etmäge gönükdirilendir.
8.2 düzgüni boýunça, “jedelli topda” top oýun saklanmazdan ozal oňa eýeçilik eden topara geçiriler.
9.2 düzgünine laýyklykda, eger klubuň wekili, ätiýaçdaky oýunçy, çalşyrylan ýa-da çykarylan futbolçy çyzykdan gyra çykan topa tötänleýin degen ýagdaýynda, emin erkin urgy bellär.
Mundan başga-da, eminler öz çözgütlerini tutuş stadiona yglan edip biler.
Şeýle-de, FIFA-nyň teklibi boýunça, Klublaýyn dünýä çempionatynda eminlerde kameralar synalyp görler.


düýn 13:51
8.8k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......

26.06.2026 14:33
12k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
9.3k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

24.06.2026 22:49
8.1k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......