Futbol boýunça DÇ-2026 üçin petek satuwy 10-njy sentýabrda başlar

  • 18.07.2025 06:49
  • 6.4k+

FIFA 2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionaty üçin petek satuwynyň ilkinji tapgyrynyň 2025-nji ýylyň 10-njy sentýabrynda başlajakdygyny habar berdi. Şol günden başlap janköýerler petek satyn almak üçin ýüz tutup biler. Eger isleg elýeterli orunlaryň sanyndan köp bolsa, onda petekler tötänleýin görnüşde paýlanar.

Guramaçylar islegiň ýokary bolmagyna garaşylýandygy sebäpli, petekleriň tapgyrlaýyn çykaryljakdygyny belleýär. Satyn alyş we töleg usuly her tapgyrda tapawutlanyp biler. FIFA janköýerlere öňünden hasaba alnyp, resmi saýtdaky ýörite bölümde akkaunt döretmegi maslahat berýär.

“ABŞ-da Klublaýyn dünýä çempionatynyň uly üstünliginden soň, dünýä çempionatyna gyzyklanma täze belentliklere ýetýär. Biz tutuş dünýäni ýene-de Demirgazyk Amerikada, Kanadanyň, Meksikanyň we ABŞ-nyň taryhda iň uly we möhüm sport wakasyny kabul etjek ýerinde garşy almaga sabyrsyzlyk bilen garaşýarys” – diýip, FIFA-nyň başlygy Janni Infantino aýtdy.

Ýaryşyň soňky tapgyrynyň bije çekişligi dekabr aýynda bolar.
2026-njy ýylyň dünýä çempionatyna ilkinji gezek 48 topar gatnaşar. Ýaryş 11-nji iýundan 19-njy iýul aralygynda ABŞ-da, Meksikada we Kanadada geçiriler. Final Nýu-Jersi ştatynda bolar.


düýn 13:51
8.5k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......

26.06.2026 14:33
12k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
9.3k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

24.06.2026 22:49
8.1k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......