“Real” FIFA-dan we UEFA-dan “Barsa” bilen “Wilýarrealyň” ABŞ-daky oýnuny gadagan etmegi talap etdi

  • 14.08.2025 12:53
  • 10k+

Madridiň “Realy” Ispaniýanyň çempionatynyň 17-nji tapgyrynyň “Wilýarreal” bilen “Barselonanyň” arasyndaky oýnunyň Ispaniýanyň çäginden daşary geçirilmegine garşy çykdy.

Ozal La Liganyň bu duşuşygy dekabrda Maýamidäki “Hard Rok” stadionynda geçirmek barada gepleşikleri alyp barýandygy, Ispaniýanyň Patyşalyk futbol federasiýasynyň bolsa bu pikiri makullap, UEFA ýüz tutandygy habar berlipdi.
Madrid topary resmi beýanda La Liganyň oýunlarynyň ýurduň çäginden daşary geçirilmegine “doly nägileligini” bildirdi. Resminamada bu başlangyjyň ýaryşa gatnaşýan klublary habardar etmezden we geňeşmezden teklip edilendigi bellenilýär. “Realyň” pikiriçe, bu iki aýlawdan (öýde we myhmançylykda bir oýun) ybarat bolan ýaryşlaryň geçirilmegini düzgünleşdirýän çäk ikitaraplaýynlygynyň ýörelgesini bozup, bäsdeşlik deňagramlygyny üýtgedýär we şeýle arzany beren klublara esassyz sport artykmaçlygyny berýär.
Klub ýaryşa ähli gatnaşyjylaryň deslapky razylygy bolmazdan oýny geçirmäge rugsat bermezlik haýyşy bilen FIFA-a ýüz tutdy. UEFA-dan klub federasiýany aýratyn ýagdaýlar bolmazdan La Liganyň oýunlarynyň ýurduň çäginde geçirilmegini gadagan edip, arzany yzyna gaýtarmaga ýa-da ony ret etmäge çagyrmagy talap etdi. Şeýle-de, “Real” klublaryň biragyzdan razylygy bolmazdan oýna rugsat bermezlik haýyşy bilen Ispaniýanyň Ýokary sport geňeşine-de ýüz tutdy. 


düýn 23:57
804

«Time» sport äleminde täsiri uly 100 adamyň sanawyny düzdi

«Time» žurnaly sport pudagynda 2026-njy ýylyň täsiri uly 100 şahsyýetiniň sanawyny hödürledi. Bu reýtinge diňe bir häzirki wagtda çykyş edýän meşhur türgenler we tejribeli tälimçiler däl, eýsem sport......

düýn 16:18
7.9k+

DÇ-2026-nyň iň ýokary zähmet hakyny alýan futbolçylary we tälimçileri

Futbol boýunça dünýä çempionaty Ýer ýüzüniň iň güýçli oýunçylaryny bir ýere jemleýär. ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçirilýän bu gezekki ýaryşa 48 sany milli ýygyndy geldi we olaryň her biri öz düzümine 26......

10.06.2026 19:10
6.4k+

«Real» Mourinýunyň şertnamasyny «Benfikadan» 15 mln ýewro satyn aldy

«Benfika» kluby özüniň X sosial ulgamyndaky sahypasynda Madridiň «Realynyň» Lissabon klubunyň baş tälimçisi Žoze Mourinýu bilen şertnamany möhletinden ir ýatyrmak üçin 15 million ýewro töländigini mälim etdi.......

10.06.2026 17:32
7.2k+

FIFA gazanmagyň usulyny tapdy: 79 dollara janköýerleriň atlary uly ekranda görkeziler

FIFA 2026-njy ýylda geçiriljek dünýä çempionatynda janköýerler üçin täze hyzmaty hödürledi: 79 dollar tölän janköýerleriň atlary toparçalaýyn tapgyryň oýunlary wagtynda stadionlaryň uly ekranlarynda görkeziler....