Futbol boýunça DÇ-2026-nyň bije çekişigi dünýäniň iň uly şar şekilli zalynda geçer

  • 01.08.2025 15:10
  • 9.1k+

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň toparlaýyn tapgyrynyň bije çekişigi 5-nji dekabrda Las-Wegasda geçiriler. Bellemeli ýeri, şäheriň özi ýaryşyň ýekeje-de oýnuny kabul etmeýär.

ESPN-iň maglumatlaryna görä, bije çekişik 17,5 müň tomaşaça niýetlenen dünýäniň iň uly şar görnüşli binasy bolan “Sfera” zalynda geçiriler. Bu ýer meýdany 50 müň inedördül metrden gowrak bolan özboluşly ekran bilen enjamlaşdyryldy.
Ýatlap geçsek, 2026-njy ýylyň dünýä çempionatyna 48 ýygyndy gatnaşar. Ýaryş 11-nji iýundan 19-njy iýul aralygynda ABŞ-da,  Kanadada we Meksikada geçer. Häzirki dünýä çempiony Argentina bolup, ol Katarda geçirilen ýaryşyň finalynda Fransiýany penalti tapgyrynda utdy.


düýn 13:51
8.5k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......

26.06.2026 14:33
12k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
9.3k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

24.06.2026 22:49
8.1k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......