Janni Infantino: FIFA-nyň girdejisi dört ýylda iki esse artyp, $13 mlrd boldy

  • 17.05.2025 19:42
  • 4.4k+

Halkara futbol federasiýasynyň (FIFA) girdejisi soňky dört ýylda 6,5 mlrd dollardan 13 mlrd dollara çenli artdy. Bu barada FIFA-nyň prezidenti Janni Infantino guramanyň Asunsýonda geçirilen 75-nji kongresinde eden çykyşynda habar berdi.

“Maliýe barada gürrüň edilende ýene bir zady bellemek gerek. Eger 2019-njy ýyldan 2022-nji ýyla çenli býujete seretsek, bu $6,5 mlrd. 2026-njy ýyla çenli döwür üçin girdeji býujetine seretsek – bu eýýäm $13 mlrd. Biz soňky dörtýyllyk döwür bilen deňeşdirilende girdejini iki esse artdyrdyk, bu hem dürli maksatnamalary durmuşa geçirmäge mümkinçilik berýär. Mysal üçin, Forward programmasy soňky dokuz ýylda ýedi esse ösdi” – diýip, Infantino aýtdy.

Ol girdejiniň ýokarlanmagy netijesinde guramanyň bütin dünýäde futbolyň ösüşine maýa goýup biljekdigini belledi.

“Häzir futbol – iň güýçli sport we dynç alyş görnüşleriniň biri. Biziň hyzmatdaşlarymyz köp we olar FIFA bilen hyzmatdaşlyga buýsanýar, gurama barha güýçlenýär. Näme üçin? Sebäbi biziň dolandyryş ulgamymyz biziň maýa goýumlarymyz, dünýä ykdysadyýetlerine we syýasata bolan gatnaşygymyz bilen berkeýär, sebäbi biz hemmeler bilen gürleşýäris, her bir assosiasiýa üns berýäris. Ine, şonuň üçin biz dünýä derejeli ýaryşlary guraýarys” – diýip, FIFA-nyň prezidenti belledi.


düýn 13:51
8.5k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......

26.06.2026 14:33
12k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
9.3k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

24.06.2026 22:49
8.1k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......