Özbegistanyň milli ýygyndysynyň futbolçylaryna DÇ-2026-a çykandygy üçin awtomobil sowgat berildi

  • 11.06.2025 13:34
  • 21k+

Özbegistanyň milli ýygyndysy Aziýa yklymynda 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň saýlama ýaryşynyň üçünji tapgyrynyň jemleýji oýnunda Katary 3:0 hasabynda utdy. Topar taryhda ilkinji gezek dünýä çempionatyna çykdy.

Oýundan soň Özbegistanyň milli ýygyndysynyň her bir oýunçysyna we tälimçilerine BYD markaly awtomobil sowgat berildi. Olar göni futbol meýdançasyna getirildi. Ulag açaryndan başga-da, Respublikanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň hut özi türgenlere orden, medal we hormatly atlary berdi.
Baýramçylyk dronlaryň şüweleňi we feýerwerk bilen tamamlandy.
Özbegistan saýlama tapgyryny A toparçada 21 utuk bilen ikinji orunda tamamlady. Toparçada birinji orny 23 utuk bilen Eýran eýeledi. Toparlaryň ikisi-de dünýä çempionatyna gatnaşmaga hukuk gazandy. BAE-niň (15) we Kataryň (13) milli ýygyndylary indiki saýlama tapgyrynda göreşi dowam etdirer.
Dünýä çempionaty – 2026 ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçiriler.


düýn 19:10
3.6k+

«Real» Mourinýunyň şertnamasyny «Benfikadan» 15 mln ýewro satyn aldy

«Benfika» kluby özüniň X sosial ulgamyndaky sahypasynda Madridiň «Realynyň» Lissabon klubunyň baş tälimçisi Žoze Mourinýu bilen şertnamany möhletinden ir ýatyrmak üçin 15 million ýewro töländigini mälim etdi.......

düýn 17:32
4.6k+

FIFA gazanmagyň usulyny tapdy: 79 dollara janköýerleriň atlary uly ekranda görkeziler

FIFA 2026-njy ýylda geçiriljek dünýä çempionatynda janköýerler üçin täze hyzmaty hödürledi: 79 dollar tölän janköýerleriň atlary toparçalaýyn tapgyryň oýunlary wagtynda stadionlaryň uly ekranlarynda görkeziler....

düýn 10:53
6.2k+

«Real» UEFA-dan «Barselonanyň» elinden 23 tituly almagy talap edýär

Madridiň «Realy» Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň birleşigine (UEFA) ýüz tutup, «Barselonanyň» Ispaniýanyň eminler komitetiniň öňki wise-prezidenti Enrikes Negreýra pul tölän döwründe gazanan ähli......

09.06.2026 22:01
5.4k+

«Liwerpulyň» rowaýaty Diwok Origi 31 ýaşynda karýerasyny tamamlady

«Liwerpulyň» we Belgiýanyň milli ýygyndysynyň öňki hüjümçisi Diwok Origi 31 ýaşynda professional futbol karýerasyny tamamlaýandygyny resmi taýdan mälim etdi....