Koul Palmer Klublaýyn dünýä çempionaty – 2025-iň iň gowy oýunçysy diýlip ykrar edildi

  • 14.07.2025 13:04
  • 8k+

2025-nji ýylyň Klublaýyn dünýä çempionaty ýaryşynyň jemi boýunça aýry-aýry nominasiýalarda ýeňijiler yglan edildi. Ýaryşyň iň gowy oýunçysy “Çelsiniň” angliýaly ýarymgoragçysy Koul Palmer boldy. Ol alty oýna gatnaşyp, üç gol we iki assist bilen tapawutlandy. Finalda ol öz hasabyna iki gol we bir assist ýazdy.

Onuň klubdaşy, derwezeban Robert Sançes ýaryşyň iň gowy derwezebany diýlip ykrar edildi. Ol alty oýna gatnaşyp, olarda bäş goly geçirtdi. Üç oýun, şol sanda ýarym final we final gol geçirtmesiz tamamlandy.
Ýaryşyň iň gowy ýaş oýunçysy “Pari Sen-Žermeniň” ýarymgoragçysy Dezire Due boldy. 21 ýaşly futbolçynyň hasabynda ýedi oýunda bir gol we bir assist bar.
Ýaryşyň iň gowy bombardiri üçin baýragy Madridiň “Realynyň” hüjümçisi Gonsalo Garsiýa aldy. Ol alty oýunda dört gol geçirip, bir netijeli geçirim etdi.
Ýaryşyň finalynda “Çelsi” “PSŽ-ni” 3:0 hasabynda ynamly utdy. Oýun ABŞ-daky “Metlaýf-stedium” stadionynda geçdi. Duşuşygyň hormatly myhmany ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp boldy. Ol futbolçylary sylaglamak dabarasyna gatnaşdy.
“Çelsi” ýaryşyň täzelenen görnüşinde titulyň ilkinji eýesi boldy. Ozal klub 2021-nji ýylda ýaryşda ýeňiş gazandy. Geçen möwsümde londonlylar Konferensiýalar ligasynda hem ýeňiji boldy.


düýn 23:30
4k+

Tunisiň ýygyndysynyň tälimçisi DÇ-2026-da geçiren ilkinji oýnunyň yzysüre wezipesinden boşadyldy

Sabri Lýamuşi futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň toparçalaýyn oýunlarynyň birinji tapgyrynda topary Şwesiýadan iri hasap bilen utulandan soň, Tunisiň ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesinden......

düýn 14:15
6.1k+

DÇ-2026-nyň 4-nji güni: Kýurasaonyň debýuty gorkuly düýşe meňzedi, ýewropalylar bolsa aziýalylardan yza galýarlar

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň dördünji oýun güni birbada iki sany iri hasaply ýeňlişi, soňky minutlarda dartgynly tomaşa öwrülen oýunlary we taryhy rekordlary getirdi....

14.06.2026 15:15
11k+

Dünýä çempionatyndaky ilkinji oýnundan öň Angliýanyň milli ýygyndysynyň goşlary ogurlandy

Angliýanyň milli ýygyndysy ABŞ-da geçiriljek dünýä çempionatynyň başlanmagynyň öňüsyrasynda sport lybaslarynyň we enjamlarynyň ogurlanmagy bilen ýüzbe-ýüz boldy. Britaniýanyň «Daily Mail» gazetiniň ýazmagyna......

13.06.2026 17:07
12k+

Ertir Dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrlaryndaky iň gyzykly oýny boljakdyr!

Ertir 23-nji gezek geçirilýän futbol boýunça dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň gyzykly oýny bolar. Gürrüň Braziliýa bilen Marokkanyň arasynda geçiriljek duşuşyk hakynda barýar. Geliň, bu netijäni......