Futbol boýunça DÇ-2026-nyň finalynyň arakesmesinde Superbouldaky ýaly şüweleň görkeziler

  • 08.03.2025 07:09
  • 7.2k+

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň final duşuşygynyň arakesmesinde Superbouldaky (ABŞ-nyň Milli futbol ligasynyň finaly) ýaly doly derejeli şüweleň geçiriler. Bu barada Instagram-da FIFA-nyň prezidenti Janni Infantino habar berdi.

“Men futbol boýunça dünýä çempionatynyň finalynyň arakesmesinde taryhda ilkinji şüweleňiň geçiriljekdigini tassyklap bilerin. Bu futbol boýunça dünýä çempionaty üçin taryhy pursat bolar” – diýip, Infantino ýazdy.

Dünýä çempionatynyň jemleýji oýny 2026-njy ýylyň 19-njy iýulynda Ist-Rezerforddaky (Nýu-Jersi ştaty, ABŞ) MetLife stadionynda geçiriler.
Infantinonyň aýtmagyna görä, şüweleňiň guramaçylyk işine Coldplay toparynyň frontmeni Kris Martin we menejer Fil Harwi çekildi. Olar beýleki artistleri saýlamaga kömek eder diýip, BBC Sport habar berýär.
Mundan başga-da, Taýms-skwerde ýaryşyň ahyrky uik-endinde uly çäre geçirmek meýilleşdirilýär.
Belläp geçsek, häzirki düzgünlere görä, oýnuň iki ýarymynyň arasyndaky arakesme 15 minut dowam edýär. Häzirlikçe guramaçylaryň şüweleňi bu wagt aralygyna nähili ýerleşdirjekdigi belli däl.
Superboul ABŞ-da iň köp görülýän sport ýaýlymlarynyň biri hasaplanýar, şu ýyl şüweleňiň hedlaýneri Kendrik Lamar boldy we ol finalyň arakesmesinde öz esasy hitlerini, şol sanda Not Like Us aýdymyny ýerine ýetirdi. Tansçy hökmünde sahnada beýleki meşhur ýyldyzlar, sazandalar, türgenler, şol sanda tennis boýunça Uly tuwulga ýaryşlarynyň 23 gezek ýeňijisi Serena Uilýams çykyş etdi.
2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionaty 11-nji iýundan 19-njy iýul aralygynda üç ýurtda: ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçiriler. Ýaryşa ilkinji gezek 48 topar gatnaşar.


düýn 14:33
10k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
9k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

24.06.2026 22:49
7.9k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......

24.06.2026 13:39
11k+

DÇ-2026-nyň 2-nji tapgyry tamamlandy: Ronaldo dubl etdi, Kolumbiýa bilen Angliýa pleý-offda

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda 2-nji tapgyryň ähli duşuşyklary tamamlandy. Oýun gününiň baş wakasy — özüniň ajaýyp oýny bilen meýdançada şowhun döreden Kriştianu Ronaldunyň dubly boldy. Ol......